Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Piçugin tussaglykda saklanar


Russiýanyň Ýokary sudy Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça sudunyň çykaran kararyna garşy çykyp Alekseý Piçuginiň ömürlik türme tussaglygyny güýçde saklaýar. Piçugin häzirki wagt işini togtadan “Ýukos” nebit kompaniýasynyň howpsuzlyk gullugynyň ozalky ýolbaşçysydyr.

Çarşenbe güni Russiýanyň Ýokary sudy birnäçe öldürmeleri gurnamakda aýyplanan Piçuginiň ömürlik türme tussaglygynyň kanuna laýykdygy barada karar çykardy we oňa Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça sudunyň kararyna görä üýtgetme girizmegi ret etdi.

Piçugin 2005-nji ýylda 20 ýyl türme tussaglygyna we 2007-nji ýylda aýry sud işi boýunça ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça sudy Piçuginiň azatlyk we howpsuzlyk hukuklarynyň hem-de adalatly sud edilmek hukugynyň bozulandygyny aýdyp, Russiýanyň Piçugine 9500 ýewro, ýagny 13 müň amerikan dollary möçberinde kompensasiýa tölemelidigi barada karar çykarypdy.

Şu ýylyň mart aýynda Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça sudy gelnen kararyň soňky netijedigini aýdyp, Russiýanyň kararyň üýtgedilmegi baradaky haýyşyny yzyna gaýtarypdy.
XS
SM
MD
LG