Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Dalaşgärleriň nyşanlary


Bir owganystanly aýal saýlaw uçastogynda ses berýär. 2010 ý. (arhiw surat)

Bir owganystanly aýal saýlaw uçastogynda ses berýär. 2010 ý. (arhiw surat)

Buldozer. Galam. Radio. Gurhan... Ynha, şeýle zatlar Owganystanda prezidentlige dalaş edýän dalaşgärleriň saýlap alan nyşanlarydyr.

5-nji aprelde geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda çykyş edýän dalaşgärleriň özboluşly nyşanlary bar. Adamlaryň ses bermek üçin ulanjak kagyzlarynyň arkasynda agzalan nyşanlar we 10 sany dalaşgärleriň atlary hem-de suratlary goýlar. Şeýlelikde, şol suratlara we nyşanlara seredip, adamlaryň olaryň birden-birine ses bermek mümkinçiligi bolar.

Şeýle çäreleriň görülmeginiň düýp sebäbi aglaba bölegi okap-ýazmaga ukyby bolmadyk 15 million owgan saýlawçylarynyň işini ýeňilleşdirmekdir. Owganystanda ses bermäge hukugy bolan adamlaryň bary ýogy diňe 39 göterimi sowatly.

Owganystandaky “Garaşsyz saýlaw komiteti” köp sanly dalaşgärleriň çykyş etmeginiň ahmaldygyny göz öňünde tutup, 2004-nji ýyldan bäri saýlawlarda şeýle nyşanlaryň ulanylmagyny ýola goýdy.

(Bu ýagdaý Pakistanda geçen baharda bolan saýlawlarda käbir problemalaryň ýüze çykmagyna getirdi. Şonda dalaşgärler özleri üçin bellenen nyşanlar sebäpli nägile boldular. http://www.rferl.org/content/pakistan-elections-ballot-symbols/24785036.html.)

Muňa garamazdan, Owganystanyň “Garaşsyz saýlaw komiteti” 17 sany dalaşgäriň adyny sanawdan çykardy we 22-nji oktýabrda 10 adamyň prezidentlige dalaş edýändigini yglan etdi.

Saýlaw kagyzlaryna dalaşgäriň maglumatlaryny we nyşanyny goýmak çäresi diňe bir prezidentlik saýlawlarynda amala aşyrylman, eýse 5-nji aprel güni prezident saýlawy bilen bir günde geçiriljek welaýat saýlawlarynda-da şeýle nyşanlar ulanylar. Dalaşgärler özlerine hödürlenýän üç nyşandan birini saýlamaly bolarlar. Jemi 5.000-den hem köp nyşan ulanylýar. Olaryň arasynda dürli predmetlere duşmak bolar, meselem; zeňňi, telewizor, konus şekilli buz gaýmak, tigir we ş.m.

Buldozer

Prezident saýlanmagy umyt edýän, ozal Gandagar we Nangarhar welaýatlarynyň häkimi bolup işlän Gul Aga Şerzai öz lakamy bilen adybir predmeti, ýagny buldozeri özüne nyşan hökmünde saýlap aldy. Ol özüniň berk talap ediji häsiýeti bilen abraý alyp, şeýle lakama eýe bolupdy.

Ol Nangarhar welaýatynda häkim bolup işlän döwründe gysga wagtyň içinde welaýaty infrastruktura taýdan ösdürdi. Ol welaýatda ýanýodaly ýol gurluşygynyň depginini güýçlendirdi, şäher merkeziniň köçelerinde gün energiýasy bilen işleýän çyralary oturtdy we welaýat merkezi Jelalabatda ýerleşýän prezident köşgüniň binasynynyň durkuny täzeletdi.

Adalat terezisi

Ady belli jyhadçy Gulbeddin Hikmetýaryň batutanlyk eden ”Hezb-e Islami” toparynyň esasy agzalarynyň biri Kutbuddin Helal nyşan hökmünde adalaty alamatlandyrýan terezini saýlap aldy.

Onuň saýlan nyşany ünsi çekýär. Hikmetýar we onuň agza bolan ”Hezb-e Islami” topary terrorist hökmünde Waşingtonyň gara sanawyna düşüpdi. Agzalýan topar häzirki wagtda Owganystanyň howpsuzlyk gulluklaryna we ýurtdaky halkara güýçlere garşy söweş alyp barýar. Şeýle hem bu topar 1990-njy ýyllarda bolan graždanlyk urşunda adam hukuklaryny kemsitmekde aýyplanýar.

Gurhan

Ozal maliýe ministri we Bütindünýä bankynyň hünärmeni bolup işlän Aşraf Gani Gurhany özüne nyşan hökmünde saýlap alypdyr.

Onuň näme sebäpden Gurhany saýlandygy belli däl ýöne Günbatarda bilim alan tehnokrat saýlawçylara özüniň dini tarapyny görkezmek islän bolmagy ahmal. Owganystana dünýäniň iň dini we konserwatiw ýurtlarynyň biri hökmünde garalýar. Owganystanyň käbir raýatlary Aşraf Ganiniň Günbatar bilen ilteşiginden habarly bolmagy ahmal.

Ýagdaý şeýle bolsa-da, Gani soňlugy bilen özüne başga nyşan saýlamaly bolar diýip çak edilýär. Ozalky tejribelere salgylanyp aýdanymyzda, medeni, dini we taryhy nyşanlary saýlamak dalaşgärlere maslahat berilmeýär. Sebäbi eger şeýle edilen ýagdaýynda “bu adalatsyz saýlawlara getirmegi mümkin” diýilýär.

Owganystanyň baýdagy

Abdul Rasul Saýýaf Müsürde tälim-terbiýe alan dindar adam hökmünde tanalýar. Ol 1980-nji ýyllarda Sowet Soýuzy Owganystana çozanda, ”Al-Kaýdanyň” adamlaryny, şol sanda Osama bin Ladini ýurda getirip, meşhurlyk gazanypdy.

Ol Owganystanyň baýdagyny özüne nyşan hökmünde saýlap aldy. Belki onuň bu hereketiniň aňyrsynda özüniň milletçi duýgularyny halka görkezmek hyjuwy ýatandyr. Şeýle etmek bilen ol Günbatar bilen ilteşikli hasaplanýan dalaşgärlerden üstün çykmakçy bolýandyr.

Ýöne ol hem soňlugy bilen öz saýlan nyşanyny çalyşmagy ahmal sebäbi baýdak hem Owganystanyň döwlet nyşanydyr.

Galam

Häzirki prezident Hamit Karzaýyň agasy Kaýum Karzaý özüniň nyşany hökmünde galamy saýlap aldy.

Kaýum hem esasy tehnokratlardan biri bolup, ol Birleşen Ştatlarda bilim aldy. Ol bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň ýurdy bagtyýar geljege atarjakdygyna ynanýar we bu meseläniň üstünde köp durýar.

Kitap we ruçka

Ozal daşary işler ministri bolup işlän Abdullah Abdullah hem öz gezeginde “bilim ulgamy” bilen baglanyşykly predmeti özüne nyşan hökmünde saýlap aldy.

Abdullah käri boýunça göz lukmany bolup işleýär we ol 2009-njy ýylda geçirilen saýlawlara-da gatnaşypdy. Abdullah hem köplenç bilim pudagyny kämilleşdirmegiň ähmiýeti barada çykyş edýär.

Bugdaý

Ozal maliýe ministri bolup işlän Hedaýat Amin Arsala rysgalyň, bereketiň alamaty bolan bugdaýy öz nyşany hökmünde saýlap aldy. Birleşen Ştatlarda bilim alan Arsala käri boýunça söwda ugrundan ykdysadyýet hünärmenidir. Onuň saýlap alan nyşany agzalýan dalaşgäriň ykdysadyýet taýdan näderejede kämildigini görkezmek üçin ýörite saýlanan bolmagy ahmal.

Parahatçylyk

Ozal goranmak ministri bolup işlän Abdul Rahym Wardak, bu wezipeden boşansoň, prezidentiň howpsuzlyk ugrundan maslahatçysy bolup işläpdi. Ol yslamdaky “parahatçylyk” nyşanyny özi üçin saýlap aldy.

Ganat kakyp uçup barýan kepderi Wardagyň saýlan nyşanynyň düýp özenidir. Kepderiniň töwereginde bolsa iki sany gylyjyň suraty bar. Onuň nyşanynda “Alla beýikdir” diýen ýazgy bar.
1980-nji ýyllarda Sowet Soýuzy Owganystana çozanynda, Wardak käbir jyhadçy toparlara baştutanlyk edýärdi we ol Owganystanyň kommunistik režiminiň tarapdarlary hem-de sowet goşunlary bilen söweşipdi.

Radio

Ozal daşary işler ministri bolup işlän Zalmai Rasulyň radiony özüne nyşan hökmünde saýlap almagy köpleri geň galdyrdy. Rasul uzak wagtlap prezidentiň maslahatçysy bolup işläpdi. Belki, ol radionyň üsti bilen owgan halkyna gol uzatmak isleýändir!

Parahatçylyk gögerçinleri

Şazada Muhammet Nader Naim öz nyşany hökmünde üç sany gögerçini saýlap alana meňzeýär. Gögerçin parahatçylygyň nyşanydyr. Ýöne aýratyn bir bellärlikli ýagdaý bar, ol hem – agzalýan kepderileriň garyn böleginiň gara reňkde bolmagydyr. Naim ozalky patyşa Zäher Şanyň agtygydyr. Ol 2007-nji ýylda Kabulda aradan çykan ozalky hökümdaryň ýakyn kömekçisidi.
XS
SM
MD
LG