Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazak “jyhadçyny” garyndaşlary tanady


Siriýada söweşe gatnaşmaga taýýarlyk görýän "jyhadçy" Amanžol Žansengirow

Siriýada söweşe gatnaşmaga taýýarlyk görýän "jyhadçy" Amanžol Žansengirow

Soňky goýberilen wideoda Siriýada söweşe gatnaşmaga taýýarlyk görýän jyhadçylardan biri çykyş edýär. Agzalýan adamy maşgala agzalary tanap, häkimiýetleriň ony öýüne dolap getirmeklerini sorap, haýyş bilen olara ýüz tutdular.

Şu aýyň başynda internetde peýda bolan wideoýazgyda maşgalalary bilen näbelli bir ýerde üýşen onlarça ýaş ýigit görkezilýär.

Wideoýazgyda bir adam kellesine owadan şyrdak geýip, arap dilindi özleriniň “jyhad ýoluny” saýlap alandyklaryny aýdýar. Ol özüni Abu Hafyz Al-Kazahi diýip tanyşdyrýar. Ýöne Gazagystanyň paýtagtynyň eteginde ýerleşýän Maksimowka obasynyň ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, ol adam 27 ýaşly Amanžol Žansengirow ekeni.

Azat Ýewropar/Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy bilen söhbetdeş bolan “jyhadçy” diýilýän adamyň garyndaşlary Žansengirowyň köne suratyny radionyň habarçylaryna görkezipdir. Suratda görkezilen gara penjekli, ak köýnekli we galstukly adam wideodaky ýaragly söweşijä çalaja çalym edýär.

"Hopugyp gitdim"

"Men telewizorda şol wideony görenimde, hopugyp gitdim" diýip, Amanžolyň özünden kiçi jigisi Kaýrat Žansengirow gürrüň berýär. Ol agasy bilen mundan alty aý ozal telefonda gepleşen ekeni.

Telefon gürrüňdeşliginde Amanžol garyndaşlaryna oglunyň bolandygyny we iki ýylyň içinde ýurda dolanjakdygyny aýdan ekeni. Onuň garyndaşlary özlerine edilen telefon jaňy Türkiýeden edilendir diýip pikir edipdirler.

Kaýrat Žansengirow agasy Amanžolyň Astana uniwersitetiniň “önümçiligi dolandyryş fakultetini” tamamlandygyny aýdýar. Ýöne, muňa garamazdan, ol hiç haçan öz ugrundan işlemändir. Muňa derek Amanžol ujypsyz aýlygy bolan işlerde zähmet çekipdir.

Amanžol Almatydan gideninde onuň garyndaşlary ol syýahatçylyk firmasynda iş tapandyr diýip pikir edipdirler we daşary ýurtlara yzygiderli syýahat etmeli bolýan käri tapandyr diýip çaklapdyrlar.

Kaýrat Žansengirow: “Amanžol bize syýahat edýän islendik ýurdunda firma tarapyndan oňa jaý üpjinçiligi, aýlyk tölegi we zerur bolan pul serişdesi berilýär diýip aýdypdy. Ol hiç haçan Astanada ýa-da Almatyda jaý satyn almady, haçan görseň kireýine berilýän jaýlarda ýaşaýardy” diýip, ol gürrüň berýär.

Jyhadçylar”

Agzalýan wideonyň mediada peýda bolmagynyň yz ýany bilen Astanadaky häkimiýetler wideoýazgyny ilik-düwme seljerýändiklerini we güman edilýän gazak “jyhadçylarynyň”, hakykatdanam, Gazagystanyň raýatydygyny ýa-da däldigini anyklamak isleýändiklerini aýdyp, çykyş edipdiler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna ýurduň Milli howpsuzlyk komitetiniň işgärleriniň ýazmaça beren jogabynda gazak raýatlarynyň daşary ýurtlarda söweşe gatnaşýandygyndan özleriniň habarlydygy we söweşiji raýatlary ýurda getirmek üçin işleriň alnyp barylýandygy aýdylýar.

Howpsuzlyk komiteti Žansengirow barada ýa-da bolmasa onuň garyndaşlarynyň öňe sürýän meseleleri barada hiç zat aýtmady.

Kaýrat Žansengirow öz agasyny wideoda gören badyna derhal onuň maşgala agzalarynyň gazak häkimiýetleri bilen habarlaşandygyny we Amanžoly hem-de onuň ýaşajyk aýalyny yzyna getirmekleri üçin haýyş bilen ýüz tutandyklaryny aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy wideonyň hakykylygyny ýa-da däldigini, şeýle hem onuň nirede düşürilendigini anyklap bilmedi.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň goşunlary bilen gozgalaňçy güýçleriň arasynda eýýäm iki ýyldan hem köp wagt bäri dowam edýän graždanlyk urşuna dünýäniň dürli künjeginden adamlaryň baryp goşulýandygy aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG