Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Biz Pommadan ozdurdyk


Moldowaly Aleksandr Dimitrowyň çeken karikaturasy.

Moldowaly Aleksandr Dimitrowyň çeken karikaturasy.

On manat

Bir gezek, 1975-nji ýylyň tomsy bolsa gerek, 10 töweregi ýazyjy bolup, Ýazyjylar birleşigi bilen duldegşir goňşy 1-nji parkyň piwohanasyna gitjek bolup durdyk. Ýazyjylar birleşigine golaýlap gelýän halk ýazyjysyna, şol döwürde Ýazyjylar birleşiginde uprawleniýaň başlygynyň orunbasary bolup işleýän Hydyr Derýaýewe gözümiz düşdi. Hydyr aganyň şondan 2-3 gün ozal 70 ýaşy dolupdy.

Ol ýokary hökümet sylagy - “Oktýabr rewolýusiýasy” ordeni bilen sylaglanypdy. Ol häsiýeti boýunça gysganç, husyt adamdy. Her niçigem bolsa, bagty synap görmek üçin, şol wagt Ýazyjylar birleşiginde edebi konsultant bolup işleýän, Hydyr aganyň juda hormatlaýan şahyry Gurbannazar Ezizowdan Hydyr agany 70 ýaşy, berlen ordeni bilen gutlamagy, olary “ýuwmak” üçin biraz pul eçilmegini haýyş etmegi towakga etdik.

Gurbannazar birbada “Nämüçin ýaşuluny eksperiment - barlag obýektine öwürjek bolýaňyz?” diýip, tykyrasa-da, ýüzümizden geçip bilmän, teklibimize razy boldy.

Hydyr aga bize golaý geldi. Barymyz edep bilen salam berip, doglan güni, alan ordeni bilen gutladyk. Gurbannazar biziň öwreden sözlerimizi nokatma-nokat gaýtalady. Hydyr aga “Bu ýanyňdaky bozgaklara ýeke köpügem dözjek däl. Aralarynda seň bardygyň üçin ýuwmaga pul bereýin” diýip, gapjygyndan 10 manady çykaryp, Gurbannazara uzatdy.

Bu Hydyr aganyň biziň her birimize 1 manat eçildigidi. “Nemeden bir gyl ýolmak-da bir peýda” diýip, piwohana tarap ýöneldik. Bolup bilse, 10-12 ädim ätdik. Hydyr agaň “Gurbannazar jan, saklan!” diýen sesi ýaňlandy. Gurbannazar “Hydyr aga, näme hyzmat?” diýip, aýak çekdi. Hydyr aga:

"Gurbannazar jan, dünýäň baýlygyny - on manady size berdim. Onuň ählisine arak-şerap içip, ile ryswa bolmaň!” -diýip, agalyk, ýaşulylyk maslahatyny berdi.

Sahylyk

Anyk ýadymda däl, 1987-nji ýyldamy ýa-da 1988-demi, ýazyjy Hudaýberdi Hallyýew “Ikatýok” atly romanynyň elýazmasyny maňa berip, “Täze romanymy okap görmegiňi haýyş edýän. Bu seň belet temaň. Seň pikiriň meň üçin gymmatly” diýdi. 1 hepdäň dowamynda romany 2 gezek okap çykdym. Oňa “Hudaýberdi däde, romanyňy okadym. Pikirimi aýtmaga taýýar” diýdim. Ol “Gelnejeň çagalar bilen oba gitdi. Öýe gel, pikiriňi diňlärin” diýdi.

Men “Meňem çagalarym obada. Seň jaýyň köp gatly beton jaý, gowusy, meň Garadamakdaky howlymda oturaly” diýdim. Men ol döwürde SSSR-iň Çeper edebiýaty wagyz ediş býurosynyň Türkmenistan bölüminiň direktory bolup işleýärdim. Şertleşen günümiz duşuşdyk. Ol “Hudaýberdi däde, gürrüňimiz gury bolmaz ýaly birki çüýşe arak alaly” diýen teklibim bilen göwünjeň razylaşdy.

Ol ýyllar Gorbaçýowyň arakkeşligiň garşysyna yglan eden “Ser saglyk” syýasatynyň dowam edýän ýyllarydy. Meniň gulluk maşynym bilen 3 sagadyň dowamynda 30 töweregi dükana baryp, 1 çüýşe-de arak tapmadyk. Gulluk maşynymyň sürüjisi Sapar “Başlyk, üç sagatda kyrk litr benzin ýakdyk. Benzin bagyndaky benzin gutaryp gelýär” diýip, ýagdaýy aýan etdi. Üç sagatlap dyman Hudaýberdi:

-Bolmady, inim, Sapar jan, otuz dükandan bir çüýşe arak tapdyrmaýan bolsa, bu hökümet halys yzyndan ýetdiripdir. Gelnejeň oba gitmänkä “Amanmyrat şowhun-şagalaňy gowy görýän oglan. Ol bilen duşuşjak bolsaň, gepbaşy bolar” diýip, ýarym litr, togsan alty graduslyk medisina spirtini goýup gitdi. Ýör, öýe baryp, şony alaly-diýdi.

Soňra öz deňsiz-taýsyz “sahylygyny” heňe getirmek üçin “Biri ogluny goňşularyna palta dilegine ugradypdyr. Ogly sähel salym soňra “Paltamyz ýok” diýdiler -diýip, yzyna dolanypdyr. Kakasy “Adamlarda ynsap galmandyr. Bar, öz paltamyzy alyp gel” diýipdir” diýen halk henegini aýdyp berdi.

Biz Pommadan ozdurdyk

Mihail Gorbaçýowyň arakkeşligiň garşysyna “Sersaglyk” syýasatyny yglan eden ýyllarydy. Arak-şerap iň gyt haryda öwrülipdi. Bir gezek arak tapman, halys petige dirän günümiz “Kommunist” žurnalynda işleýän žurnalist, publisist Ata Yklymowyň ýanyna baryp, “Ata kaka, tanyş-bilşiň kän, arak tapmaga kömek et!” diýip haýyş etdik. Ol 20-30 dükana jaň etdi. Hiç ýerde arak ýokdy. Lapykeç bolan Ata kaka:

-Ýaş döwrümiz ýaşuly ýazyjylar “Hökümetiň aýbyny açjak bolup, Pomma Nurberdi aldygyna arak içýär. Ýöne ýurduň arak-çakyr zawodlarynyň binýady berk tutulan. Pomma kast edip içse-de, arak-şerap gytçylygy ýok" diýerdiler. Ine, indi arak-şerap rahatlygy döredi. Biz Pommadan dagy ozdurdyk. SSSR-iň arak-şerap gorunyň berk däldigini dünýä subut etdik - diýip “öwündi”.

Toplan, taraşlan Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG