Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Meksika: Zawodda partlama boldy


Meksikanyň Birleşen Ştatlary bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän süýji zawodynda bolan partlamanyň netijesinde bir adam öldi we başga-da 40 sanysy ýaralandy. Bu barada Meksikanyň resmileri habar berýär.

Partlama penşenbe güni Amerikanyň Tehas ştaty bilen araçäkleşýän Meksikanyň senagat şäheri Sýudad Huaresde ýüze çykdy.

Partlamanyň sebäbi resmi taýdan tassyklanmady. Emma maglumatlara görä, waka baradaky derňewler zawodyň suw gyzdyryjylaryna gönükdirilipdir.

Bu partlamanyň netijesinde zawodyň binasynyň uly bölegine zyýan ýetd. Wakada ýara alanlaryň hem saglyk ýagdaýynyň erbetdigi aýdylýar.

Halas ediş topary çöken binanyň aşagynda galan bolmagy mümkin adamlary halas etmek üçin operasiýalaryň dowam edýändigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG