Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Bonuň arzasy ret edildi


Hytaýyň sudy öňki ýokary derejeli syýasatçy Bo Ksilainiň şikaýatyny ret etdi we parahorluk, bidüzgünçilik we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak aýyplamalary esasynda onuň ömürlik türme tussaglygyny güýçde saklady.

Döwlet eýeçiligindäki “Xinhua” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, bu karary Hytaýyň günortasyndaky Şandong welaýatynyň Ýokary Halk sudy anna güni çykarypdyr.

Sentýabr aýynda geçirilen sud işi döwründe Bo özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edipdi. Bo syýasatdan çetleşdirilmezden ozal ýurduň günorta-günbataryndaky Çunsin şäherine ýolbaşçylyk edýärdi we oňa Hytaýyň Kommunist partiýasynyň hemişelik komitetiniň agzasy bolmaga dalaşgär hökmünde garalýardy. Hytaýyň Kommunist partiýasy ýurtda iň täsirli organdyr.

Ýöne Bonuň karýerasy 2011-nji ýylyň noýabr aýynda britan işewüri Neil Heýwudyň öldürilmegi bilen ilteşikli dargady.

Bu waka baradaky maglumatlardan soň Bonuň ýokary derejeli resmisi Birleşen Ştatlaryň konsulhanasyna gaçypdy we Bonuň aýaly Heýwudy öldürmekde türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG