Sepleriň elýeterliligi

Norwegiýa himiki ýaraglary ýok etmez


Norwegiýa Siriýanyň himiki ýaraglarynyň ýok edilmelidigi barada Birleşen Ştatlaryň eden haýyşyny ret etdi.

Anna güni Norwegiýanyň daşary işler ministri Boerge Brende Siriýanyň himiki ýarag arsenalyny ýok etmek üçin berlen wagtyň örän çäklidigini aýdyp, öz ýurdunyň bu haýyşy ýerine ýetirmäge mümkinçiliginiň ýokdygyny mälim etdi.

Russiýa bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky ylalaşyk esasynda Siriýanyň himiki ýaraglar programmasynyň ählisi 2014-nji ýylyň ortalaryna çenli ýok edilmeli.

Şu aýyň başyndan başlap, halkara ekspertler Siriýanyň himiki ýaraglaryny ýok etmäge başlady.
XS
SM
MD
LG