Sepleriň elýeterliligi

Hodorkowskiý 10 ýyl bäri türmede


25-nji noýabrda “Ýukos” nebit kompaniýasynyň ozalky başlygy Mihail Hodorkowskiniň türme tussaglygyna höküm edilenine 10 ýyl boldy. Bir zamanlar Russiýanyň iň baý adamy bolan Hodorkowski 2003-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda tussag edilipdi.

Ol salgyt galplyklary aýyplamalary bilen tussag edilip, sekiz ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. Hodorkowski 2010-njy ýylda öz “Ýukos” nebit kompaniýasyndan pul ogurlamakda aýyplanyp, ikinji sapar türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Hodorkowskiniň 2014-nji ýylyň awgust aýynda azat edilmegine garaşylýar. Ondan birnäçe aý ozal tussag edilen kärdeşi Platon Lebedew bolsa 2014-nji ýylyň maý aýynda azatlyga goýberiler.

Hodorkowskiniň tarapdarlary onuň tussaglykda saklanmagy üçin nebit kompaniýasynyň ozalky başlygynyň täze aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyndan alada edýärler.
XS
SM
MD
LG