Sepleriň elýeterliligi

HAEG-Eýran resmileri duşuşar


28-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň ýadro ýaraglara gözegçilik edýän toparynyň başlygy we Eýranyň ýokary derejeli araçylary duşuşarlar. Bu duşuşyk Eýranyň ýadro programmasy barada geçiriljek halkara gepleşikleriň öň ýanynda bolup geçer.

Halkara atom energiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, gullugyň ýolbaşçysy Ýukiýa Amano Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi bilen HAEG-nyň Wenadaky Baş edarasynda duşuşarlar.

HAEG Eýranyň derňewleri geçirýär diýilýän atom ýaraglaryny öndürmek baradaky programmasyny derňemegiň bir bölegi hökmünde Tähranyň obýektlerine, dokumentlerine we resmilerine aralaşmaga çalyşýar. Eýran öz gezeginde bu derňewleri ret edýär.

Duşenbe günki duşuşyk Tähranyň ýadro programmasy barada Eýranyň we dünýäniň alty iri döwletleriniň arasynda boljak halkara gepleşikleriň öň ýanynda geçiriler. Gürrüňi edilýän döwletleriň arasyndaky halkara gepleşikleriň nobatdaky tapgyry 7-8-nji noýabrda Ženewada geçiriler.

Geçen hepde bu döwletleriň arasynda geçirilen duşuşykdan soň Günbatar Eýrana gowy baha beripdi. Emma gepleşiklerde takyk netijä gelinmändi.
XS
SM
MD
LG