Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goşa raýatlyk: Moskwa Aşgabatdan nämä garaşýar?


Daşary ýurtlarda ýaşaýan orsýet raýatlarynyň problemalary boýunça konferensiýanyň gatnaşyjylary, (ç) Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň GDA döwletleri boýunça resmisi A.Sternik, Moskwa, 24-nji oktýabr, 2013.
Daşary ýurtlarda ýaşaýan orsýet raýatlarynyň problemalary boýunça konferensiýanyň gatnaşyjylary, (ç) Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň GDA döwletleri boýunça resmisi A.Sternik, Moskwa, 24-nji oktýabr, 2013.

24-nji oktýabrda Moskwada geçirilen halkara konferensiýada daşary ýurtlarda ýaşaýan orsýet raýatlarynyň problemalaryna degişli meseleleriň arasynda orsýet raýatlygyna eýe bolan türkmenistanlylaryň problemalary-da gozgaldy. Edilen çykyşlarda döwletleriň arasynda gelnen ylalaşyklar we çözülmän galýan problemalar barada maglumat berildi.

Orsýet Türkmenistan bilen gelnen özara ylalaşyklaryň iş ýüzünde berjaý edilmegini isleýär.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň GDA döwletleri boýunça üçünji departamentiniň müdiri Aleksandr Sternik Moskwanyň we Aşgabadyň arasynda şu ýylyň iýun aýynda gelnen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine iki tarapdanam üns bilen syn edilýändigini belledi.

"Üns bilen syn edilýär"

Aleksandr Sternik 24-nji oktýabrda bu temadan Moskwada geçirilen konferensiýada şeýle diýdi: “Orsýetiň DIM-niň goşa raýatlaryň Türkmenistanyň täze daşary ýurt pasportlary bilen üpjün edilmegine üns bilen syn edýändigini aýratyn belläsim gelýär. Türkmen tarapy mundan gowy habarly. Türkmen tarapy-da şol bir wagtyň özünde Döwlet Dumasynda [ozal ylalaşylan] protokolyň tassyklanmagynyň gidişine üns bilen syn edýär”.

Orsýet resmisi türkmen tarapy bilen gelnen ylalaşyklaryň berjaý ediljegine şübhe bildirmäge esasyň ýokdugyny aýtdy. Şol bir wagtda-da Sternik ylalaşyklary berjaý etmekde “öňe tarap sazlaşykly” hereket edilýändigini yzygiderli görkezmegiň zerurdygyny belledi. Aleksandr Sternigiň sözlerine görä, şol ylalaşyklar 2003-nji ýylyň 22-nji iýunyndan soň orsýet raýatlygyny alan türkmenistanlylara hem degişli.

"Goşa raýatlar" barada ylalaşyk

Orsýetiň we Türkmenistanyň arasynda şy ýylyň bahar we tomus aýlarynda gelnen ylalaşyklaryň netijesinde 14-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi resmi beýannama ýaýratdy we goşa raýatlyga eýe bolan adamlara biometrik pasportlaryň beriljegini yglan etdi.

Munuň yz ýanyndan, 3-nji iýulda, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Orsýetiň we Türkmenistanyň arasynda 1993-nji ýylda baglaşylan we iki ýurduň raýatlaryna goşa raýatlyga eýe bolmaga mümkinçilik döreden ylalaşygy ýatyrmak barada 2003-nji ýylyň aprel aýynda gol çekilen protokoly ratifikasiýa etmek üçin Duma tabşyrandygy barada habar berildi.

Aleksand Sternigiň sözlerine görä, gelnen ylalaşyklaryň netijesinde Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy biometrik paporty bermek üçin goşa raýatlaryň 15 000 çemesiniň dokumentlerini kabul edipdir, goşa raýatlyga eýe bolan 6 800 adama täze turkmen pasporty berlipdir.

24-nji oktýabrda Moskwada geçirilen konferensiýada çykyş eden graždan aktiwistleri Türkmenistanyň täze pasportlarynyň diňe 2003-nji ýyla çenli Orsýet raýatlygyna eýe bolan türkmenistanlylara berilýändigini aýtdylar we Türkmenistan bilen Orsýet arasynda gelnen ylalaşyklaryň diňe dilden berlen wadalar bolup, ýurudiiki taýdan berkidilmändigine unsi çekdiler.

"Esasy mesele"

Aleksandar Sternigiň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, Orsýetiň we Türkmenistanyň arasynda gelnen ylalaşygyň iş ýüzünde doly ýerine ýetirilmegini gazanmak häzirki wagtda esasy mesele bolup durýar.

Konferensiýa türkmen resmilerinden Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Dyrdyýew gatnaşdy, emma ol çykyş etmedi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň goşa raýatlyk meselesi boýunça resmi pozisiýasy barada beren sowalyna Durdyýew Türkmenistanyň DIM-niň 14-nji iýunda ýaýradan resmi beýananmasyny salgy berdi.

Bu beýannamada Türkmenistanyň prezidentiniň 2013-nji ýylyň 12-nji aprelinde hökümet maslahatyda çykyş edip, her bir türkmenistanlynyň hökmany tertipde we kesgitlenen wagt möhletinde täze görnüşli pasporta eýe boljagyny aýdandygy bellenýär we şu sebäpden Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň 2013-nji ýylyň 17-nji iýunyndan başlap, Orsýetiň pasportyna eýe bolan Türkmenistanyň raýtlaryna biometrik paspotlary berip başlaýandygyny habar beripdi.

Orsýet tarapynyň yglan eden resmi sanlaryna görä, Orsýetiň raýatlygyna eýe bolan türkmenistanlylaryň jemi sany 134 212 adam, olardan 7 585 adam 2003-nji ýyldan soň orsýet raýatlygyna eýe bolupdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda Orsýetiň konsulhanasynda hasapda duran goşa raýatlyga eýe adamlaryň sany bolsa 44 460 adamdyr.
XS
SM
MD
LG