Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda 1002 bendiniň günäsi geçilýär


Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramynyň bosagasynda 1002 bendiniň günäsiniň geçilýändigi yglan edildi.

Şu gün Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telekanalyň “Watan” habarlar programmasynda berlen maglumata görä, bu karara prezident Gurbanguly Berdimuhamedow resmi taýdan gol goýdy.

Şeýle-de, bu baýramçylyk mynasybetli raýatlygy bolmadyk 609 adama Türkmenistanyň raýatlygyny bermek barada hem karara gol goýlandygy mälim edildi.

Türkmenistanda uly baýramçylyklaryň bosagasynda bendileriň günäsini geçmek indi däbe öwrüldi. Öňki prezident Saparmyrat Niýazowyň döwründe başlanan bu endik häzirki prezident tarapyndan hem dowam etdirilýär.
XS
SM
MD
LG