Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Telewideniýäniň iň köp gazanýan aktýorlary


"Forbes" žurnalynyň baş sahypasy
"Forbes" žurnalynyň baş sahypasy
Dünýä belli “Forbes” žurnaly ýakynda “Telewideniýäniň iň köp gazanç edýän aktýorlary” atly sanawyny çap etdi.

Bu sanaw 2012-nji ýylyň iýun aýyndan 2013-nji ýylyň iýun aýyna çenli bolan döwri öz içine alýar we onda telewideniýede iň köp gazanç eden dünýäniň jemi 10 aktýorynyň atlary getirilýär.

“Forbes” žurnalynyň bu sanawynda amerikan aktýory Eşton Kötçer birinji orunda ýerleşdirilip, onuň bir ýylda gazanan puly takmynan 24 million amerikan dollaryna barabar bolupdyr.

Kötçeriň uly möçberdäki gazanjy oňa üstünlikli tehnologiki kompaniýalarda maýa goýmaga mümkinçilik berdi. Ýagny, onuň “Airbnb”, “Foursquare” we “Path” ýaly tehnologiýa kompaniýalarynda öz paýy bar.

Eşton Kötçer (çepde) we "Twitter" sosial ulgamynyň döredijisi Jack Dorsey
Eşton Kötçer (çepde) we "Twitter" sosial ulgamynyň döredijisi Jack Dorsey
Şeýle-de geçen tomus Kötçer “Apple” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Stiw Jobsyň biografiýasyny görkezýän kinofilmde Jobsyň roluny oýnady. Kötçer häzirki wagtda Birleşen Ştatlaryň “CBS” telekanalynda görkezilýän “Two and a half men”, ýagny ”Iki ýarym adam” komediýa serialynda baş rollaryň birini ýerine ýetirýär.

“Forbes” žurnalynyň “Telewideniýäniň iň köp gazanç edýän aktýorlary” atly sanawynda ikinji orunda aktýor Jon Kraýer ýerleşdirilipdir. Onuň gürrüňi edilýän döwürdäki gazanjy 21 million amerikan dollaryna barabar bolupdyr. Kraýer hem häzirki wagtda “Two and a half men” serialynda baş rollaryň biri bolan Alan Harperiň roluny oýnaýar.

Bu sanawda üçünji orny soňky bir ýylda 16 million amerikan dollaryny gazanan Reý Romano eýeleýär. Onuň “CBS” telekanalynda görkezilen"Everybody Loves Raymond", ýagny “Hemmeler Reýmondy gowy görýär” atly komediýa serialynyň tamamlananyna sekiz ýyl bolandygyna garamazdan, bu serialyň heniz hem gaýtalanyp goýberilýän bölümleriniň girdejisi Romanonyň ýyllyk gazanjynyň esasy bölegini düzýär diýlip, gürrüňi edilýän žurnalyň websahypasynda bellenilýär.

Şeýle-de, websahypada Romanonyň dünýä meşhur “Ice age”, ýagny “Buz döwri” atly multfilmiň “Manny” atly gahrymanyny seslendireni üçin hem uly möçberde töleg alýandygy aýdylýar.

“Forbes” žurnalynyň “Telewideniýäniň iň köp gazanç edýän aktýorlary” atly sanawynda dördünji orny aktýor Neil Patrik Harris eýeleýär. Onuň geçen bir ýylyň dowamyndaky eden gazanjy 15 million amerikan dollaryna barabar bolupdyr. Harris öz girdejisiniň belli bir bölegini “How I met your mother” atly teleserialdan gazanýar diýlip, agzalýan žurnalyň websahypasynda bellenilýär.

Harris geçen tomus kinoteatrlarda görkezilen “Smurfes 2” filminde hem baş rollaryň birini ýerine ýetirdi. Bu film Birleşen Ştatlarda o diýen üstünlik gazanyp bilmedi we onuň ýurtdaky getiren girdejisi 70 million amerikan dollaryna barabar boldy. Emma ýurduň daşynda bu film 251 million amerikan dollaryna barabar girdeji getirdi. Şeýle-de Harris “Forbes” žurnalynyň “Iň köp gazanç eden 100 sungat işgäri” atly sanawynda hem 100-nji orunda ýerleşdirilipdi.

Mark Harmon

“Forbes” žurnalynyň “Telewideniýäniň iň köp gazanç edýän aktýorlary” atly sanawynda bäşinji orunda 15 million amerikan dollarlyk girdejisi bilen aktýor Mark Harmon ýerleşdirilipdir. Sanawyň altynjy ornunda 13 million amerikan dollarlyk girdeji gazanan aktýor Patrik Dempseý, ýedinji we sekizinji orunlarda 11 million amerikan dollarlyk pul gazanan aktýorlar Tim Allen we Angus T.Jones ýerleşdirilipdir.

“Forbes” žurnalynyň bu sanawynda dokuzynjy we onunjy orunlarda hem 10 million amerikan dollarlyk girdejileri bilen aktýorlar Michael C. Hall we Çarli Şin ýerleşdirilipdir.

“Forbes” amerikan biznes žurnaly bolup, ol, esasan, özüniň her ýyl çap edýän dünýä belli sanawlary bilen meşhurdyr. Bu žurnalyň soňky çap eden sanawlarynyň arasynda “Iň köp gazanç edýän sungat işgärleri”, “Dünýäniň iň güýçli 100 aýaly”, “Dünýäniň milliarderleri” ýaly sanawlar bar.
XS
SM
MD
LG