Sepleriň elýeterliligi

ÝB ABŞ-nyň gizlin maglumatlaryna aladalanýar


Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň sammiti, Brussel, 25-nji oktýabr, 2013

Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň sammiti, Brussel, 25-nji oktýabr, 2013

Ýewropa Bileleşigi Fransiýanyň we Germaniýanyň Waşingtony gizlin maglumatlary toplamak boýunça düzgünler barada ylalaşyk baglaşmaga çagyrandyklaryny aýtdy. Bu beýannama ABŞ-nyň Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň mobil telefonyny diňländigi barada maglumatlaryň peýda bolmagynyň yz ýany edildi.

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Herman Wan Rompui Ýewropa Bileleşiginiň Brusseldäki sammitinde eden çykyşynda Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleriniň ABŞ bilen ýurtlaryň howpsuzlyk güýçleriniň işine degişli meselede ýakyn aýlarda “özara düşünişmäge” ymtylýandyklaryny mälim etdi.

ÝB-niň garaýşy

Anna güni irden eden bu çykyşynda Rompui döwlet baştutanlarynyň Germaniýanyň we Fransiýanyň bu inisiatiwasyna uly üns berendiklerini aýtdy we muňa Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynyň hem goşulyp bilýändiklerini belledi.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri anna güni irden eden beýleki beýannamasynda ÝB bilen ABŞ-nyň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň bardygyny aýratyn bellediler we bu gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar.

Şeýle-de beýannamada “gizlin maglumatlary toplamagyň terrorçylyga garşy göreş üçin örän ähmiýetlidigi aýdylýar we birek-birege ynamsyzlygyň terrorçylyga garşy göreşe zeper ýetirip biljekdigi bellenýär.

Merkeliň pozisiýasy

Anna güni žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Angela Merkel Germaniýanyň we Fransiýanyň ABŞ bilen gözegçiligiň çäklerini kesgitlemek isleýändiklerini mälim etdi.

Şol bir wagtyň özünde-de, habar berlişine görä, Merkel özi barada gizlin maglumat toplanmagy bilen bagly nägileligine garamazdan, Waşington bilen söwda barada gepleşikleri togtatmaga garşy çykyş edýär.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Jose Manuel Barroso telefonlaryň diňlenmeginiň ýa elektron poçtanyň barlanmagynyň köp ýewropalylarda nägilelik döredýändigini, sebäbi munuň geçmişdäki totalitar režimleriň, faşistleriň we kommunistleriň ýörelgelerini ýatladýandygyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Britaniýanyň “Guardian” gazeti ABŞ-nyň dünýäniň 35 lideriniň telefon gepleşiklerini diňländigini habar berdi.

ABŞ-nyň howpsuzlyk gulluklarynyň öňki işgäri Edward Snowdeniň beren maglumatlarynyň esasynda taýýarlanan hasabatda bu ýurtlaryň atlary agzalanok.

Ýewropa Bileleşiginiň anna günki sammitinde Ortaýer deňziniň üstünden Ýewropa aşmakçy bolanda heläk bolýan bosgunlaryň sanynyň köpelmegi bilen baglylykda immigrasiýa meselesiniň maslahat ediljegi aýdylypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG