Sepleriň elýeterliligi

Ak tam sanksiýalardan saklanmaga çagyrýar


Obama adminstrasiýasy kanunçykaryjylary Eýrana garşy täze amerikan sanksiýalaryny girizmekden häzirlikçe saklanmaga çagyrdy.

Döwlet departamenti kanunçykaryjylar täze sanksiýalary girizmäge ara berip, Eýranyň ýadro programmasy barada alnyp barylýan halkara gepleşikleriniň «bat almagyna» mümkinçilik dörederler diýip umyt edýändigini aýtdy.

Sözçi Jen Psaki kanunçykaryjylary diplomatlara «çeýelik» üçin orun galdyrmaga çagyrdy we yslam respublikasyna garşy täze sanksiýalaryň Kongres tarapyndan biraz soň, öňde durýan gepleşikler netije bermedik ýagdaýynda hem girizilip biljegini belledi.

Eýranyň ýadro programmasy baradaky indiki gepleşikler Ženewada, 7-8-nji noýabrda bolmaly.
XS
SM
MD
LG