Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti 1002 tussagyň günäsini geçdi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanda 27-nji oktýabrda bellenýän Garaşsyzlyk baýramynyň bosagasynda pagta plany dolduryldy, iş kesilen ýüzlerçe tussagyň günäsi geçildi, şeýle-de ýüzläp adama raýatlyk berildi.

Aşgabatda anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ozaly 2014-nji ýylyň döwlet býujeti barada gürrüň edildi.

Prezident maliýe ministri D.Sadykowyň bu mesele baradaky hasabatyny diňläp, döwlet býujetiniň taslamasyny umumylykda tassyklady we onuň Mejlise iberilmegini tabşyrdy.

Emma ol býujetde esasan regionlardaky sosial-durmuş meselelerine uly orun berilmelidigini, ilkinji nobatda hem ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmelidigini, täze obýektleriň gurluşygy üçin goýberilýän serişdeleriň möçberiniň artdyrylmalydygyny nygtady.

Şu nukdaý nazardan, prezident bu taslamanyň ýene bir gezek gözden geçirilmegini tabşyrdy.

Hökümet maslahatynda ýurduň oba hojalygyna gözegçilik edýän wise-premýer Annageldi Ýazmyradow pagtaçylaryň 1 million 50 müň tonnadan gowrak «ak altyny» döwlet harmanyna tabşyryp, pagta planlaryny doldurandyklaryny habar berdi.

Ýene bir habar bolsa, ozal raýatlygy bolmadyk ýüzlerçe türkmenistanlynyň raýatlyk almagy bilen bagly. Prezident Berdimuhamedow hökümet maslahatynda Türkmenistanda ýaşaýan, emma raýatlygy bolmadyk 609 adama raýatlyk bermek baradaky karara gol çekdi.

Prezident raýatlyga alnan adamlara ýurduň kanunlary esasynda hemme taraplaýyn kömek etmek barada hem durup geçdi. Türkmenistanyň raýatlygyny täze alan adamlar bir aý möhlet içinde Türkmenistanyň pasporty bilen üpjün ediler. Olara işe ýerleşmek, jaý almak barada hem kömek berilmelidigi aýdylýar.

Prezident Beridimuhamedow 2011-nji ýylda raýatlygy bolmadyk 3318 adama Türkmenistanyň raýatlygyny beripdi.

Mälim bolşy ýaly, ozalky prezident S.Nyýazow 2005-nji ýylyň awgustynda 13245 adama, şol sanda 90-njy ýyllardaky harby konflikt sebäpli ýurduny terk eden täjik raýatlaryna türkmen raýatlygyny beripdi.

Hökümet maslahatynyň dowamynda prezident, garaşsyzlygyň 22 ýyllygy mynasybetli, iş kesilen tussaglaryň 1002-siniň günäsini geçmek baradaky karara hem gol çekdi.

Mälim bolşy ýaly, Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleli bäri Türkmenistanda baýramçylaklaryň bosagasynda tussaglaryň köpçülikleýin günäsini geçmek adata öwrüldi.
XS
SM
MD
LG