Sepleriň elýeterliligi

Dagystan: Kast edijiniň guşaklary tapyldy


Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Dagystandaky bölümi jeňçiler bilen bolan atyşykdan soň dökülen öýleriň birinden janyndan geçen bombaçynyň 13 sany guşagynyň we aýal parikleriniň tapylandygyny aýdýar.

Bu gözleg anna güni Kasawýurt etrabynyň Winsowhoz diýen ýerinde iki sany jeňçi polisiýany oka tutandan soň başlandy.

Iki jeňçi öldürildi, emma polisiýa şol töwerekdäki jaýlaryň birinden janyndan geçen bombaçynyň 13 sany guşagyny, üç sany partlaýjy enjamy tapdy diýip, rus habar gulluklary şenbe güni habar berdi.

Partlaýjylaryň ýanyndan aýal parikleri, maşynlar üçin registrasiýa dokumentleri we dini edebiýat hem tapylypdyr.

Geçen duşenbede Wolgogradda bir awtobusda özüni partladyp, 6 adamy öldüren, 50-den gowrak adamy ýaralan aýal hem Dagystandan gelipdi.
XS
SM
MD
LG