Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurt garaşsyzlygy: Ösüş ýoly üstünliklimi?


Garaşyzlyk baýamyny belleýän Aşgabatdan bir görnüş, 25-nji oktýabr, 2013.
Garaşyzlyk baýamyny belleýän Aşgabatdan bir görnüş, 25-nji oktýabr, 2013.
Türkmenistan ýurduň Baş baýramyny belleýär, garaşsyz ýurt bolmagynyň 22 ýyllygynyň toýuny toýalaýar. Resmi Aşgabat ýurduň bu 22 ýylda uly üstünlikleri gazanandygyny aýdýar.

22 ýyl mundan öň, ýurt garaşsyzlygy barada geçirilen ählihalk referendumynyň netijeleri esasynda, Türkmenistan SSR-niň Ýokary Soweti «Garaşsyzlyk we Türkmenistanyň döwlet gurluşlarynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanun kabul etdi.

Bu Konstitusion kanun Türkmenistan SSR-ni öz territoriýasynyň çäklerinde garaşsyz demokrtik döwlet – Türkmenistan diýip yglan etdi.

Mälim bolşy ýaly, şonda referenduma gatnaşanlaryň 94 prosentiniň garaşsyzyk üçin ses berendigi aýdylypdy.

Azatlyk Radiosy bu baýrama gabatlap, «Garaşsyzlyk: Ösüş ýoly üstünliklimi?» diýen sorag esasynda bir forum açdy. Ol soraga ses berenleriň 43,8 prosenti «Hawa», 52,1 prosenti «Ýok», 4,2 prosenti «Pikirim ýok» diýip jogap beripdir.

Eýsem ýurduň garaşsyzlyk ýyllarynda gazananan üstünlikleri we kemter gaýdan ýerleri barada ýerli synçylar näme pikir edýär?

Bu barada guralan ýörite söhbetdeşligi diňläp, pikirleriňizi aýtmagyňyzy soraýarys.

please wait

No media source currently available

0:00 0:13:32 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG