Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan täze prezident saýlaýar


Gürjüstanda prezident saýlawy geçirilýär. Saýlawçylar iki möhlet prezidentligi tamamlanýan Mihail Saakaşwiliniň ýerine prezident saýlamak üçin ses berýärler.

Pikir soraşlyklar «Gürjistanyň arzuwy» koalisiýasynyň kandidaty Giorgi Margwelaşwiliniň sesleriň aglaba köplügini alyp, öňe çykmagynyň ahmaldygyny görkezýär.

Beýleki esasy kandidatlar Saakaşwiliniň Birleşen milli hereketi tarapyndan bellenen Dawit Bakradze we ozalky parlament spikeri Nino Burjanadze.

Ses berişligiň birinji tapgyrynda prezident saýlanmak üçin sesleriň 50 prosentden gowragyny almak zerur. 3.5 million çemesi adam saýlawa gatnaşyp, ses bermek hukugyndan peýdalanyp bilýär.

Premýer-ministr Bidzina Iwanişwili täze prezident saýlanandan soň, birnäçe hepde içinde iş başyndan çekilmeklige wepaly bolup galýandygyny aýdýar.

Onuň ýolbaşçylygyndaky hereket bir ýyl çemesi öň Saakaşwiliniň partiýasyny hökümetden çetleşdiripdi.
XS
SM
MD
LG