Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda 42 adam öldürildi


Yrakda bolan partlamalarda azyndan 42 adam öldi.

Ýekşenbe güni Mosulda aýlyklaryny almak üçin bankyň öňünde nobata esgerlere edilen hüjüm azyndan 12 adamy öldürdi.

Bagdatda bolan ulag partlamalarynda azyndan 30 adam heläk boldy.

Yrak resmileri ýekşenbe güni bolan partlamalaryň şaýylaryň köplük bolup ýaşaýan ýerindäki mähelleli bazarlary nyşana alandygyny aýdýarlar.

Azyndan sekiz partlama netijesinde pesinden 90 adamyň ýaraly bolandygy aýdylýar.

Bagdadyň demirgazygyndaky Şaab bazarynda partlan goşa ulag azyndan 5 adamy öldürdi. Şu aý Yrakda bolan zorlukly hadysalarda 500-den gowrak adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG