Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlyk Radiosy penjireleri açýar (bejerýärem)


Türkmen tansçylary, Aşgabat, 15-nji oktýabr, 2013.
Türkmen tansçylary, Aşgabat, 15-nji oktýabr, 2013.
Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Türkmen gullugy azat metbugatyň düýpden ýok ýurdunda özboluşly bir rol oýnaýar, ýagny ilatyň sesiniň ýuwaşadylmagynyň endige öwrülen bir ýerinde adamlaryň öz seslerini eşitdirip bilmegine mümkinçilik berýär.

Bu gulluk 60 ýyl bäri işleýän hem bolsa, soňky täzeçillikler (innowasiýalar) täze bir mazmun, täze diňleýjiler toplumyny we has köp täsir döretdi.

Türkmenistanda Azatlyk Radiosy diýip bilinýän gulluk Pragada ýerleşýär, sebäbi türkmen häkimiýetleri oňa ýurduň içinde ýerli býuro açmaga rugsat bermeýärler.

Habarlar Türkmenistandaky ýerli habarçylaryň ýurt içinden maglumat bermegi netijesinde, Pragadan gutarnykly gepleşik, internet we mobil platformalary görnüşinde taýýarlanyp, diňleýjilere we okyjylara hödürlenýär.

Azatlyk Radiosynyň internet saýty hökümet tarapyndan yzygiderli petiklenip gelindi, onsoň türkmen diňleýjileri onda çap edilýän materiallary okamak üçin proksileri, aýlawly ýollary we usullary ulanmaly boldular. Şu hili päsgelçiliklere garamazdan, bu saýta günde 8 müň çemesi okyjy girýär, şol bir wagtda bu saýtyň mobil sahypasyna 7 - 9 müň okyjy girýär. Bu gulluk Türkmenistanda ýene bir täzeligi, Facebook we YouTube arkaly berilýän gepleşiklere gatnaşmaga, teswir ýazmaga hyjuwlandyrýar.

Munuň üstesine, Azatlyk radiosy iň köp senzura astyna alnan jemgyýetleriň birinde diňleýjileri öz meselelerini aýtmaga, geplemäge we habara goşant goşmaga hyjuwlandyrmagy başarýar. Aýdaly, öňünden temalary yglan edilýän we şäher, ýaşlar, diaspora meselelerine ýüzlenýän hepdelik programmalaryň temalary diňleýjilere öz pikirlerini, belliklerini ibermek mümkinçiligini döredýär we ol pikirler efirde diňleýjiler köpçüligine ýetirilýär. Azatlyk Radiosynyň websaýtyndaky bloglar we sosial media bu gürrüňleriň internetde dowam etmegine ýol açýar.

Bu gullugyň surat sergileri uzak wagt ýapyk bolan jemgyýete täze bir garaýyş, nazar salyş mümkinçiligini berýär.


Inçeden çylşyrymly wideo reportažlary, ýüzbe-ýüz interwýular ýene bir päsgelçilik diwaryny böwüsdi. Türkmen gullugynyň direktory Muhammad Tahyr şeýle diýýär: “Edil iki ýyl ozal, habarçylarymyz bilen duşuşmakdan geçen, adamlar bize telefon interwýularyny hem berenokdylar. Indi biz günde ikiden-üçe çenli interwýu alýarys. Adamlar özleriniň ýüzlerini görkezmäge taýýar.”

Tahyr diňleýjiler bilen gurulýan täze gatnaşygyň Azatlygyň gepleşikleriniň abstrakt syýasy çekişmelerden ýönekeý adamlaryň durmuşlaryna göniden-göni täsir ýetirýän anyk meselelere, şol sanda sosial hyzmatlara, elektrik ýetmezçiligine, parahorluga gönükdirilmegi bilen baglydygyny belleýär. “Biz indi has ysnyşykly, has töwerekleýin we içgin gatnaşykda” diýip, ol aýtdy.

Täzelikde bolan bir mysala ýüzleneliň: Azatlyk Aşgabat, paýtagt bilen arasy kesilen tutuş bir oba hakynda maglumat berdi, sebäbi bu obanyň ýaşaýjylarynyň ol ýerde işlemäge rugsady ýokdy. Hökümetiň paýtagtdaky ýaşaýyş jaýlarynda bolýan ýangynlara garşy görýän çäresi baradaky maglumatda Azatlyk ýerli ýangyn söndürijileriň işine ýakyndan syn etdi we ýüze çykarylan problemalaryň arasynda, beýlekiler bilen bilelikde, ýangyn söndürmäge suwsuz gelen ýangyn söndüriji maşynlar hem tapyldy.

2012-nji ýylda, türkmen mekdeplerini her ýyl 110 müň çemesi okuwçy tamamlap, olaryň diňe 9 müň çemesiniň ýurt içinde ýa daşary ýurtda okuwyny dowam etdirip bilýändigi belli bolandan soň, Azatlyk ýurduň bilim sistemasyndaky problemalara ünsi çekdi. Studentleriň okuwa girmek üçin dokument tabşyrmak baradaky praktiki maglumatlardan, proseduralardan bihabardyklary belli bolandan soň, Azatlyk ýokary okuw jaýlaryna girjek okuwçylar üçin interent arkaly giňişleýin we töwerekleýin maglumat berýän göwrümli proekte başlady. Şeýle-de bu proekt studentler üçin interent forumlaryny açdy, olara özara pikir alyşmak, birek-birege goşmaça maglumat bermek, informasiýa alyşmak, tejribelerini, başdan geçirenlerini paýlaşmak mümkinçiligini döretdi.

Şeýle-de bu gulluk, Moskwadaky telefon liniýasyny ulanmak bilen, goldaw agtarýan diňleýjileriň öz meselelerini aýdyp, jemgyýetçilige çykmagy, sesini eşitdirip bilmegi üçin gyzgyn liniýa hyzmatyna çalymdaş bir çärä başlady. Mysal üçin, bir gezek dul galan aýal özüniň hökümete degişli jaýynyň daş-töweregindäki ýol-ýodalaryň gözgyny ýagdaýy, hatda öz näsag çagasy üçin çagyrylan «tiz kömek» maşynynyň hem bu ýere gelip bilmeýändigi hakynda aýdyp, kömek sorap, telefon etdi. Häkimiýetler onuň şikaýatlaryna jogap bermändirler. Emma Azatlykda bu barada gepleşik berlenden soň, şol töwerek derhal tertibe salyndy.

Azatlygyň Türkmenistandaky roly töwekgelçiliksiz däl. Habarçylar seresaplygy elden bermän, gözegçilikden sypmak üçin atlaryny we telefon kartlaryny ýygy-ýygydan üýtgedip işlemeli bolýarlar. Olar häkimiýetler tarapyndan «söhbetdeşlige» çagyrylyp, gorkuzylmaga hem çalşylýar. Bu söhbetdeşliklerde haýbat-beýleki hem atylýar. Golaýda habarçy Röwşen Ýazmuhamedow ýurt içinden maglumat berýäni üçin 15 gije-gündiz tussag edildi, ýöne ol halkara basyşlary esasynda azat edildi we işine dolanyp geldi.

Türkmenistan halkara hukuklaryna gözegçilik edýän Azatlyk öýi, «Freedom House» tarapyndan dünýä boýunça esasy azatlyklar meselesinde uzak wagtlap «Ýamanyň ýamany» diýen ýurtlaryň arasynda goýuldy.

Tahyr Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynda amala aşyrylan özgerişliklerde diňleýjileriň hem uly paýynyň bolandygyny aýdýar: «Olar batyr diňleýjiler - diýip, ol aýtdy, - örän, diýseň batyr adamlar.»

Samanta Fillips
XS
SM
MD
LG