Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanlylar täze prezident saýlaýar


Prezident Mihail Saakaşwili indiki prezident üçin ses berdi. Tbilisi, 27-nji oktýabr, 2013.

Prezident Mihail Saakaşwili indiki prezident üçin ses berdi. Tbilisi, 27-nji oktýabr, 2013.

Gürjüstanda prezident saýlawy geçirilýär. Saýlawçylar günorta kawkaz ýurdunda iki möhlet prezidentligi tamamlanýan Mihail Saakaşwilinin ýerine prezident saýlamak üçin ses berýärler.

Prezidentlik ugrunda bäsleşige çykan 23 kandidatyň arasyndaky öňdebaryjy syýasatçylar ýekşenbe güni öz seslerini berdiler.

Saakaşwiliniň Birleşen Milli hereketi tarapyndan öňe sürlen kandidat Dawit Bakradze paýtagt Tbiliside ses berenleriň ilkinjileriniň biri boldy.

Bakradze Ýewropa Gürjüstany üçin ses berendigini aýtdy:

"Men bu ýurduň gowy geljegi üçin ses berdim, men Gürjüstanyň Ýewropa seçgisi üçin ses berdim. Men adamlar üçin işleýän hökümet üçin, birleşen, güýçli, ýewropa ýoluna düşen we demokratik Gürjüstan üçin ses berdim."

Onuň bäsdeşi, ýurtdaky dolandyryjy bileleşigiň, «Gürjistanyň arzuwy» koalisiýasynyň kandidaty Giorgi Margwelaşwili öz sesini biraz giç berdi.

Margwelaşwili özüniň geljekki bolçulyk üçin ses berendigini aýtdy:

"Men bu ýurduň geljekki abadançylygy, gülläp ösmegi, öz halkymyzyň gelejegi we gowy ertirleri üçin ses berdim. Bu meniň gyzymyň birinji gezek ses berşi, onsoň biz bile ses berdik."

Pikir soraşlyklar Giorgi Margwelaşwiliniň sesleriň aglaba köplügini alyp, öňe çykmagynyň ahmaldygyny görkezýär. Onuň ýakyn ýarany we ynanylan adamy premýer-ministr Bidzina Iwanişwili.

Goride saýlaw prosesi, 27-nji oktýabr, 2013.

Goride saýlaw prosesi, 27-nji oktýabr, 2013.

Ozalky parlament spikeri, Bägül rewolýusiýasynyň tanymal şahslarynyň biri Nino Burjanadze hem prezidentlik ugrundaky bäsleşikde esasy kandidatlaryň biri hasaplanýar.

Bidüzgünçilikler köpelýär

«Transparency International», dünýä ýüzünde korrupsiýa garşy göreş alyp barýan gurama, geçen ýyldaky parlament saýlawlary bilen deňeşdirilende, prezident saýlawlarynda ýol berilýän prosedura bidüzgünçilikleriniň sanynyň köpelýändigini aýdýar. Bu guramanyň 370 gözegçisi Gürjüstanyň wagty bilen ir sagat 9 çenli 20 sany kiçi, 22 sany çynlakaý bidüzgünçiligi hasaba aldy.

Bu topar, umuman alnanda, ses berişligiň asuda, parahatçylykly geçýändigini aýtdy.

Tbilisili saýlawçy Helen Tsintsadze saýlawa gatnaşyp, ses bermegiň möhümdigini belledi:

"Men her kimiň öz pikiriniň bolmagyny örän möhüm hasaplaýaryn we Gürjüstanyň geljegi üçin ses berýärin."

"Galkynyşa garaşýaryn"

Başga bir saýlawçy, Aleksandr Tsintsadze bolsa, bu saýlawdan soň öz ýurdunda täze bir döwrüň başlanmagyna garaşýandygyny aýtdy:

"Men täze bir galkynyşa garaşýaryn. Men indi häkimiýetler we prezident Gürjüstan hakynda pikirlenip başlar öýdýärin.»

Ses berişligiň birinji tapgyrynda prezident saýlanmak üçin sesleriň 50 prosentden gowragyny almak zerur. Ýurtda 3.5 million çemesi adam saýlawa gatnaşyp, ses bermek hukugyna eýe.

Premýer-ministr Bidzina Iwanişwili täze prezident saýlanandan soň, birnäçe hepde içinde iş başyndan çekilmeklige wepaly bolup galýandygyny aýdýar.

Onuň ýolbaşçylygyndaky hereket bir ýyl çemesi öň Saakaşwiliniň partiýasyny hökümetden çetleşdiripdi.

4.5 million ilatly Gürjüstan 2008-nji ýylda Orsýet bilen bolan 5 günlük uruşda ýeňlişe sezewar bolupdy.Gürjüstan täze prezident saýlaýar
XS
SM
MD
LG