Sepleriň elýeterliligi

Rok aýdymçy Lu Rid aradan çykdy


Rok aýdym-saz taryhynda iň täsirli aýdymçy Lu Rid 71 ýaşynda öldi.

Ridiň Endru Uaýli adyndaky edebiýat gullugy rok aýdymçynyň oňa ýakynda dakylan bagry bilen ilteşikli ýarawsyzlygy zerarly ýekşenbe güni Nýu-Ýorkyň Southepton şäherinde aradan çykandygyny mälim etdi.

Rid “Velvet Underground” atly rok aýdym-saz toparynyň döredijisi hökmünde meşhurdyr.

Köp ýyllardan bäri neşe maddalaryny ulanyp, alkogol içgilerini içýän Ride şu ýyl bagyr transplantasiýasy edilipdi, ýagny oňa operasiýa arkaly täze bagyr dakylypdy.

Rid “Mahmal rewolýusiýasynyň” lideri we Çehiýanyň öňki prezidenti Waslaw Gaweliň dostydy.
XS
SM
MD
LG