Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow Trans-Hazar barada sözledi


Moskwa hazarýaka döwletlerinden "Trans-Hazar" gaz geçirijisiniň Ýewropa akdyrylmagyna garşy diýip, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow aýtdy.

Lawrow: “Biziň ýewropaly hyzmatdaşlarymyz ‘Trans-Hazar’ gaz geçirijisini Azerbaýjan we Türkmenistan ýaly kenarýaka ýurtlaryň “boýnuna dakýarlar” we umuman beýleki hazarýaka üç döwletiň pikirini nazara almaýarlar. Şeýle meseleler Brýusselde däl-de, kenarýaka döwletleriň arasynda çözülmeli” diýip, duşenbe güni Rostow na Donu şäherindäki uniwersitetleriň birinde eden çykyşynda aýtdy.
XS
SM
MD
LG