Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ispaniýa: 60 million telefon diňlendi


Ispaniýanyň gazeti Birleşen Ştatlaryň Milli howpsuzlyk gullugynyň ýurtda diňe bir aýyň dowamynda 60 milliondan gowrak telefon gepleşiklerini gizlin diňländigini görkezýän dokumentleri çap etdi. Gürrüňi edilýän bir aý 2012-nji ýylyň dekabr aýy bilen 2013-nji ýylyň ýanwar aýyny öz içine alýar.

“El Mundo” gazetiniň berýän maglumatyna görä, dokumentler ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk gullugynyň öňki işgäri Edward Snowden tarapyndan neşirýata gowşurylypdyr.

Bu baradaky raport ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk gullugynyň Fransiýadaky telefon gepleşikleriň millionlarçasyny gizlin diňländigi we Germaniýanyň kansleri Angelo Merkeliň telefon gepleşiklerine gözegçilik edendigi barada maglumatlar peýda bolandan soň köpçülige ýaýradyldy.
XS
SM
MD
LG