Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan: Margwelaşwili öňde barýar


Gürjüstanyň prezidentlik saýlawlarynyň netijeleri barada ýurduň saýlaw toparynyň deslapky ýaýradan maglumatyna görä, premýer-ministr Bidzina Iwanişwiliniň ýarany bäsleşigiň anyk ýeňijisidir.

Duşenbe güni Gürjüstanyň saýlaw topary ýekşenbe güni geçirilen saýlawlardan soň býulletenleriň ählisiniň diýen ýaly sanalandygyny we “Gürji arzuwy” koalisiýasynyň kandidaty Giorgi Margwelaşwiliniň sesleriň 62%-den gowragyny alandygygyny habar berýär.

Wezipesi tamamlanyp barýan prezident Mihail Saakaşwiliniň “Birleşen Milli hereket” partiýasynyň kandidaty Dawit Bakradze sesleriň 22%-ni eýeläp, saýlawlarda ikinji orunda barýar.

Parlamentiň öňki sözçüsi Nino Burdhzanadze sesleriň 10%-ni eýeledi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň synçylarynyň berýän maglumatyna görä, saýlawlar “oňyn we aýdyň” geçirilipdir.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow “Moskwa Gürjüstanyň täze dolandyryjylary Russiýa bolan dostlukly syýasatyny dowam etdirer diýip umyt edýär” diýdi.
XS
SM
MD
LG