Sepleriň elýeterliligi

Baýramçylygyň "görgüleri"


Baýramçylyk çäresine gatnaşdyrylan türkmen gyzlary

Baýramçylyk çäresine gatnaşdyrylan türkmen gyzlary

27-nji oktýabrda Türkmenistan öz döwlet garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyny belledi. Bu baýramçylyk ýurtda iň uly dabara diýlip hasaplanýar. Garaşsyzlyk baýramy ýurt boýunça ýylyň iň köp adamly köpçülikleýin çäresidir. Şol sebäpden bu çärä has öňünden taýýarlyk görlüp başlanýar.


Ençeme gün dowam eden taýýarlykdan soň, garaşsyzlyga bagyşlanan çäreleriň biri 26-njy oktýabrda paýtagtyň 20 müň tomaşaça niýetlenen “Aşgabat” stadionynda bolup geçdi. Ýöne, her dabarada bolşy ýaly, oňa gatnaşmaly edilen adamlar hem özboluşly wakalary başdan geçirdiler.

Ulag kynçylygy

Şol çärä gatnaşmaly edilen adamlaryň arasynda dürli ýaşdaky adamlar bar. Emma olaryň aglabasy ýaşlardan we çagalardan ybarat eken. Olar gündiz sagat 13-00-da stadiona baryp başlapdyrlar. Çäre bolsa sagat 19.00-da başlady.

Stadiondaky çärä barýan türkmenistanlylar

Stadiondaky çärä barýan türkmenistanlylar


Stadiona alnyp barlanlaryň sany müňlerçe bolansoň, bu stadiona tarap barýan 55 we 57-nji marşrutly awtobuslar hyryn-dykyndy. Awtubuslarda ýer tapmadyklar, taksi tutmaly boldular. Bu ýagdaýdan taksiçiler hem gowy peýdalanan bolmaga çemeli.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir aşgabatlylaryň aýtmaklaryna görä, olar adatdakysyndan azyndan 1-2 manat köp pul töläp, stadiona barypdyrlar. Şeýle-de Bitaraplyk köçesinden stadion tarapa barýan köçäniň ýapyklygy sebäpli, çärä barýanlar ulagdan düşenlerinden soň 1-2 kilometr pyýada ýöremeli boldular.

Iýmit

Mundan başga-da çärä özleriniň mejbury eltilendigini aýdýan adamlary, ylaýta-da çagalary mugt naharlamak gurnalmandyr. Birnäçe sagat dowam etjek çärä käbirleri öz ýanlary bilen iýer-içer ýaly zat getiripdirler. Tribunalarda oturyp, kolbasaly çörek iýýän adamlary görmek bolýardy.

Çärä gatnaşdyrylýanlar iýmiti öz hasabyna almaly bolýardylar

Çärä gatnaşdyrylýanlar iýmiti öz hasabyna almaly bolýardylar


Özleri bilen iýer-içer ýaly zat alyp barmadyk adamlar bolsa garbanmak üçin stadionyň golaýynda gurnalan azyk önümleri satylýan söwda nokatlaryndan peýdalanmaly boldular. Emma söwda nokatlaryndaky harytlaryň bahasy hem adatdakysyndan ep-esli ýokary boldy. Mysal üçin, bahasy 1 manatlyk gazly içgi 2 manada satylýardy.

Sowuk howa

Satadiondaky kynçylyk diňe iýmek-içmek bilen bagly däldi. Çäre sagat 19.00-da başlansoň, howanyň sowamagy bilen ýaş çagalaryň biri-birine dyknyşyp oturan pursatlaryna hem gabat gelmek mümkindi. Çärä gatnaşanlaryň has tejribelileri diýäýmeseň, köpüsi stadiona ýukarak egin-eşik geýip barypdyrlar.

Resmileriň biri çärä gatnaşdyrylýan gyzlara görkezme berýär

Resmileriň biri çärä gatnaşdyrylýan gyzlara görkezme berýär


Tribunalarda oturanlaryň aglabasy bu çärede geýinmeli edilen kostýum-balakly erkekler ýa-da milli egin-eşikli aýal-gyzlardy.

"Turman oturmaly"

Diňe egin-eşik hem garbanyş meselesi däl, dabaranyň dowamynda “ýeriňden turman oturmaly” diýlen tabşyryk hem adamlar, esasanam, çagalar üçin dürli kynçylyklary döredýärdi. Olardan birem zerur bolanda hajathana gitmek kynçylygydy.

"Turman oturmaly..."

"Turman oturmaly..."


Dabara başlandan soň stadionyň tribunalaryndan çykylýan gapylardyr, derwezeler ýapyldy. Hiç kim stadiona giribem, ondan çykybam bilenokdy.

Çärä gatnaşan ýokary we orta okuw jaýlarynyň studentleridir, okuwçylaryň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň atlaryny şol guramalaryň bu çärede ýolbaşçylyk etmeli wekilleri ýörite sanawda belleýärdiler. Berk kontrollykda saklanýan çärä gatnaşyjylaryň bu çäreden islän wagtlary gaýtmaga mümkinçilikleri hem ýokdy.

Çäreden soň...

Dabara gutaransoňam, çärä gatnaşanlaryň azaby tükenmedi. Dabara gutaransoň, adamlar bu çärä gatnaşan döwlet ýolbaşçylarynyň gitmegine garaşmaly boldular. Mundan soň çärä gatnaşanlaryň awtobusa münmek üçin dyknyşyklary başlandy.


Käbir mekdeplerdir ýokary okuw jaýlary bu çäre üçin ýörite awtobus tutan bolsalar, çärä gatnaşanlaryň köpüsi adaty marşrut awtobuslarynda stadiondan gaýtdylar.

Bu çäre, diňe çärä gatnaşyjylara däl, tutuş şäheriň ýaşaýjylaryna hem öz täsirini ýetirdi. Çäre sebäpli stadion tarapa beýleki marşrutlardan awtobuslaryň ugradylmagy şäheriň beýleki raýonlarynda marşrut awtobuslarynyň ýetmezçiligine getirdi.

Bu wakalar diňe agzalýan çäre bilen bagly ýüze çykan ýagdaý däl, eýse Aşgabatda ýylyň-ýylyna gaýtalanýan mesele. Türkmenistanda her ýyl geçirilýän çäreleriň sany bolsa sanardan köp.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG