Sepleriň elýeterliligi

Margwelaşwili ýeňiş gazandy


Premýer-ministr B.Iwanişwili (ç) we prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanan G.Margwelaşwili (s), Tbilisi, 28-nji oktýabr, 2013.

Premýer-ministr B.Iwanişwili (ç) we prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanan G.Margwelaşwili (s), Tbilisi, 28-nji oktýabr, 2013.

Gürjüstanyň saýlaw resmileri prezidentlik saýlawlarynyň ilkinji netijeleriniň ýurduň premýer-ministri Bidzina Iwanişwiliniň ýaranynyň öňe saýlananyny görkezýändigini mälim etdiler.

Saýlaw komissiýasynyň anna güni beren habaryna görä, ýekşenbe günki ses berişlikde, sesler doly diýen ýaly sanalansoň, häkimiýet başyndaky “Gürji arzuwy” atly partiýanyň dalaşgäri Giorgi Margwelaşwiliniň sesleriň 62%-ini alandygy mälim bolupdyr.

Döwlet başyndan çekilýän prezident Mihail Saakaşwiliniň “Birleşen milli hereket” atly partiýasynyň dalaşgäri Dawit Bakradze sesleriň 22%-ini alyp, ikinji ýerde barýar.

Parlamentiň öňki spikeri we Gürjüstanyň “bägul rewolýusiýasynyň” liderleriniň biri Nino Burjanadze 10% ses toplapdyr.

Saýlawlaryň netijeleriniň kabul edilişi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy saýlawlaryň “pozitiw we aýdyň” bolandygyny aýtdy.

ÝHHG-niň gözegçiler missiýasynyň ýolbaşçysy Joao Soares: “arassa saýlawlar” Gürjüstanyň demokratiýasynyň ösýändigini görkezýär diýdi.

Bakradze özüniň ýeňlendigini boýun aldy, Nino Burjanadze ses berişligiň netijelerine şübhe bildirip, Margwelaşwilini we Bakradzeni ses berişligi galplaşdyrmakda aýyplady.

Saýlaw komissiýasy ses berişligiň geçişinde uly düzgüni bozmalaryň bolmandygyny aýtdy. Resmi maglumatlara görä, ses berijileriň bu saýlawlara gatnaşygynyň derejesi 46.6 % bolupdyr.

Margwelaşwili saýlawlaryň netijeleriniň “demokratiýanyň bütewiligini” görkezýändigini we Ýewropanyň standartlaryna laýyklykda geçirilendigini belledi.

Mihail Saakaşwili saýlawlaryň netijeleriniň özüni gynandyrandygyny aýtdy. Ol saýlawlary “Gürjüstan we onuň geljegi üçin uly yza gaýdyşlyk” diýip atlandyrdy. Şol bir wagtda-da Saakaşwili öz tarapdarlaryny saýlawlaryň netijelerine hormat goýmaga çagyrdy.

2004-nji yýldan bäri prezindent wezipesinde bolan Mihail Saakaşwiliniň üçünji möhlete dalaş etmegi ýurduň konstitusiýasy tarapyndan gadagan edilýär.

Orsýetiň umydy

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Gürjüstanyň täze administrasiýasynyň Orsýete dostlukly syýasaty alyp barjagyna umyt baglady.

Gürjüstan Orsýet bilen aradaky diplomatik gatnaşyklary 2008-nji ýylda Gürjüstanyň Günorta Osetiýa regionynyň üstünde bolan bäş günlük uruşdan soň kesipdi.

Gürjüstanyň parlamentiniň Kanun boýunça komitetiniň başlygy Wahtang Hmaladzeniň duşenbe güni žurnalistlere aýtmagyna görä, Gürjüstanyň täze saýlanan prezidenti 17-nji noýabrda resmi derejede häkimiýet başyna geçer.
XS
SM
MD
LG