Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Saýlawlaryň öňündäki dawalar


Owganystanyň ozalky söwda ministri Anwar ul Hak
Owganystanyň ozalky söwda ministri Anwar ul Hak
Owganystanda prezidentlik wezipesine dalaş edýän 17 sany dalaşgäriň sanawdan mejbury çetleşdirilmegi käbir nägilelikleri döretdi. Sanawdan atlary aýrylan dalaşgärler Owganystanyň “Garaşsyz saýlawlar komitetiniň” bu hereketini kanuny däl diýip häsiýetlendirdi we özleriniň saýlawlardan ýörite çetleşdirilýändiklerini aýtdylar.

Owganystanda 2014-nji ýylyň 5-nji aprelinde geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna çenli entek wagt bar. Ýöne, muňa garamazdan, eýýämden saýlawlar barada soraglar ýüze çykyp başlady.

Howatyrlar

Günbatarly we Owganystanly synçylar 2009-njy ýylda bolan prezidentlik saýlawlaryndaky bidüzgünçiligiň ýene-de gaýtalanmagyndan alada bildirýärler. Şeýle aladalanmalara ýurduň içinde barha ýaramazlaşýan howpsuzlyk meseleleri we saýlaw petekleriniň bikanun satylmagy sebäp bolýar.

Öňümizdäki aýlarda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna çenli entek ep-esli wagt bar hem bolsa, häzirden käbir meseleler ýüze çykyp başlady. 22-nji oktýabr güni dalaşgärlerikden çetledilen 17 sany kandidat ýurduň "Saýlawlar komitetini" galplykda aýyplaýarlar we özleriniň sanawdan ýörite çykarylandyklaryny, şeýle hem bu çäräniň kanuny esaslara gabat gelmeýändigni aýdýarlar.

Geçiriljek bu saýlawlar ýurtda ilkinji sapar demokratik esaslara görä gurnaljak çäreleri wada berýär. 2014-nji ýylda Owganystandan halkara güýçleriň çykaryljakdygyny nazarda tutup aýdanymyzda, öňümizdäki aýlarda geçiriljek saýlawlaryň ýurduň durnuklylygy üçin näderejede ähmiýetlidigi öz-özünden düşnüklidir. Günbatarly liderler, eger saýlawlar adalatly geçrilmese, onda olar bu ýurda özleriniň mundan beýläk maddy kömekleri edip bilmejekdiklerini aýdýarlar.

Çykarylan kandidatlar

27 dalaşgäriň arasyndan 17 sanysyny sanawdan çykaryp, 10 dalaşgär bilen saýlawy dowam edýän “Garaşsyz saýlawlar komiteti” çetledilen dalaşgärleriň täze talaplary ödemeýändiklerini aýdýar.

"Garaşsyz saýlawlar komitetiniň" talap edýän şertlerine görä, prezidentlik wezipesine dalaş edýän her bir dalaşgär 40 ýaşyndan geçen bolmaly we olar Owganystanda bar bolan 34 welaýatyň 20-sinden 100 müň adamyň özlerini goldaýandygyny subut edýän gol çekilen dokumentleri komitete tabşyrmaly. Şeýle-de olar 1 million owgany, ýagny 18 müň amerikan dollaryny ätiýaç hökmünde "Garaşsyz saýlawlar komitetiniň" hasabyna geçirmeli. Galyberse-de, dalaşgärleriň daşary ýurtlarda goşa raýatlygy bolmaly däl we olar ozal jenaýat jogapkärçiligine çekilmedik bolmaly.

Ýöne sanawdan çykarylan dalaşgärleriň köpüsi özleriniň talaplary berjaý edýändigini we soralýan şertlere dogry gelýändiklerini, emma muňa garamazdan, "Saýlawlar komitetiniň"olary sanawdan çykarandygyny we geçriljek saýlawlaryň aç-açanlygyna şübhe bildirýändiklerini aýdýarlar.

Parlamentiň ozalky agzasy Dawut Sultanzoýi hem sanawdan çykarylan dalaşgärleriň biri. Ol "Garazşsyz saýlawlar komitetiniň" näme sebäpden özüni sanawdan çykarandygyny düşündirýän resmi görnüşli haty almandygyny aýdýar.

“Owganystanyň Konstitusiýasyna salgylananymyzda, olaryň bizi näme üçin sanawdan çykarandyklaryny biziň bilmäge hukugymyz bar. Ýagdaýyň şeýle däldigi bizi haýran galdyrdy. Biz meseläni çözmäge çytraşýarys.”

Nägilelik

Ozalky söwda ministri Anwar Ul Hak hem ýagdaý boýunça öz aladalanmalaryny beýan etdi. 23-nji oktýabrda Kabuldaky habarçylarymyza beren gürrüňinde ol hem özlerinden edilýän talaplara doly gabat gelýändigini, ýöne muňa garamazdan, sanawdan bäsleşikden çykarylandygyny aýdyp, "Garaşsyz saýlawlar komitetiniň" başga şertleri nazarda tutýandygyny gürrüň berdi.

“Dalaşgärleriň saýlawlardan çetledilmegine sebäp bolan şertleriň, hakykatdanam, adalatly çözgütdigini men inkär edýärin. Biz 'Garaşsyz saýlawlar komitetiniň' iş başarmaýandygyny we hereketleriniň aç-açan däldigini berk ýazgarýarys. Biziň pikirimizçe, olaryň bu hereketi öňümizdäki ýylda boljak saýlawlaryň aç-açan geçriljekdigine şübheli garamaga doly esas bolup biler”.

Saýlawlardan çetledilen dalaşgärler birleşip, öz hukuklary ugrunda göreşjekdiklerini aýdýarlar.

Şübhe

“Täze Amerika” bileleşiginiň Orta Aziýa boýunça ýokary hünärmeni we Owganystanyň Fransiýa we Kanada döwletlerindäki ozalky ilçisi, eýýäm şu wagtdan ýüze çykyp başlan meseleleriň adalatly saýlawa gelişmeýändigni aýdýar.

Ol boldy diýilýän galplygyň, şeýle hem dalaşgärleriň kanuna dogry gelmeýän usullar bilen gol ýygnamaklarynyň, galyberse-de aç-açanlygyň ýoklugynyň ýagdaýy has erbetleşdirip, ýurduň ykbalynda aýratyn ähmiýeti boljak saýlawlaryň adalatly gurnalýandygyna şübhe bilen garamaga esas döredýändgini aýdýar.

“Owgan halky 2009-njy ýylda bolan wakalaryň ýene-de gaýtalanmagyndan gorkýar. Belki-de, edil olar ýaly bolmaz, ýöne has çylşyrymly we düýpli bolar. Saýlaw prosesine täsir etmek üçin edilýän islendik synanyşyk ýiti hem uzak möhletleýin zyýanly netijeleri berer.”

23-nji oktýabr güni saýlawlary synlamaga gatnaşjak garaşsyz synçylar topary, ýagny “Owganystanyň aç-açan saýlawlar bileleşigi” ýagdaý barada alada bildirýändiklerini aýdyp, beýanat ýaýratdy. Onda şeýle diýilýär: "Owganystanyň aç-açan saýlawlar bileleşiginiň” hünärmenleriniň pikirine görä, 'Garaşsyz saýlawlar komiteti' saýlawlardan çetledilen dalaşgärleriň näme sebäpden saýlawlardan çetledilendikleri barada dalaşgärlere we halka ýazmaça düşündiriş bermeli. Şeýle edilen ýagdaýynda bu mesele boýunça ýüze çykýan soraglar we şübheler ortadan aýrylar.”

"Garaşsyz saýlawlar toparynyň" dokuz sany agzasy iýun aýynda wezipä saýlananlarynda, olaryň bu işe bolan başarnygy we ukyplary barada birnäçe soraglar ýüze çykypdy. "Saýlawlar toparynyň" agzalaryny prezident Hamit Karzaýyň hut özi saýlapdy we saýlanan agzalaryň arasynda jemgyýetçilik guramalaryndan hiç kim ýokdy.

Prezident öňümizdäki aýlarda geçiriljek saýlawlarda bitarap galjakdygyny nygtasa-da, synçylar Karzaýyň öz isleýän adamsynyň prezident bolmagyny gazanmaga ýykgyn edýändigni aýdýarlar. Häzirki prezident owgan Konstitusiýasyna görä saýlawlara gatnaşyp bilmez, sebäbi onuň üçünji ýola bu wezipä saýlanmak hukugy ýok.

Häizrki 10 dalaşgärden ybarat sanaw hem wagtyň geçmegi bilen azaldylar we "Garaşsyz saýlawlar komitetiniň" bellemegine görä, sanawyň soňky görnüşi 16-njy noýabrda halka ýetiriler. Resmi kampaniýalaryň dekabr aýynda başlamagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG