Sepleriň elýeterliligi

BSG: Siriýada poliomielit bar


Bütindünýä Saglyk guramasy Siriýada poliomielitiň 10 ýagdaýynyň hasaba alnandygyny aýdýar. Bu gürrüňi gidýän keseliň Siriýada soňky 14 ýylyň içinde ilkinji sapar ýüze çykmagydyr.

BMG-niň Saglyk edarasy Siriýada ysmazlyga getirýän poliomielitiň iň agyr derejesine meňzeýän ýene-de 12 ýagdaýyň ýüze çykarylandygyny belleýär. Bu hassalyga uçranlaryň aglabasy 2 ýaşdan aşakdaky çagalardyr.

2011-nji ýylda Siriýada graždançylyk urşy başlanmazyndan öň, çagalaryň köpüsine poliomielite garşy sanjymlar edilýärdi.
XS
SM
MD
LG