Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Şübheli daşlanyp öldürildi


Owganystanda adam pidalaryna getiren bomba hüjümine ilteşikli bolmakda aýyplanýan bir adamyň daşlanyp öldürilendigi aýdylýar.

Ýekşenbe güni Gazni welaýatynyň Andar etrabynda toý dabarysyna barýan bir mini-awtobus köçe-ýaka bomba uçrap ýarylypdy. Wakada 18 adam heläk bolupdy.

Ýerli resmileriň aýtmagyna görä, oba ýaşaýjylary partlama bolmazdan ozal Mohammad Asef alty bir adamyň öýüň arkasynda bombany partlatmak üçin ýörite enjam bilen bukulyp duranyny görüpdirler.

Partlama ilteşigi bolandygyny boýun aldy diýilýän bu adam obanyň çetine çykarylyp, ýenjilip, soňundan hem daşlanyp öldürilipdir.

Ýekşenbe güni bolan hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almandy.
XS
SM
MD
LG