Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Aktrisa türmä basyldy


Eýranda bir aktrisanyň howpsuzlyk aýyplamalary esasynda 18 aý türme tussaglygyna höküm edilendigi aýdylýar.

Döwlet eýeçiligindäki IRNA habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, 24 ýaşly Pegah Agangarani özüniň jemgyýetçilik işleri, syýasy bellikleri we daşary ýurt habar serişdelerine beren interwýulary sebäpli basylypdyr.

Agangaraniniň ejesi Manijeh Hekmat suduň kararyna şikaýat etjekdiklerini aýdýar.

Agangarani mundan ozal hem iki gezek tussag edilipdi. Birinji gezek, 2009-njy ýylda Mahmud Ahmedinejadyň täzeden prezident saýlanmagyna garşy geçirilen protestiň dowamynda; Ikinji gezek hem 2011-nji ýylda.

Oňa ýurtdan çykmagyna gadagançylyk girizildi.
XS
SM
MD
LG