Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abdulkadyr: "Gelnim aňyrda, oglum bärde"


Owganystan, Mazari Şerif.
Owganystan, Mazari Şerif.
Anna güni G.Berdimuhamedow raýatlygy bolmadyk 609 adama türkmen raýatlygyny berdi. Türkmenistanda uzak wagtlap ýaşan we raýatlygy alyp bilmän ýakynda ýurtdan çykarylan adamlaryň biri owganystanly Abdulkadyr Türkmenistanda raýatlygy bolmadyk adamlaryň başdan geçirýän kynçylyklary barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Abdulkadyr aga, siz Türkmenistanda bolduňyzmy?

Abdulkadyr: Hawa, 18 ýyl boldum.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda ýaşan döwrüňizde, nähili kynçylyklara duçar bolduňyz? Türkmenistanyň graždanlygy – raýatlygy bolmasa size kyn bolmadymy?

Abdulkadyr: Ygtyýarnamam bardy.

Azatlyk Radiosy: Size ygtyýarnama nädip berildi?

Abdulkadyr: Şo ýerde garyndaşlarym bardy, şondan özüme, çagalaryma ygtyýarnama berildi.

Azatlyk Radiosy: Onda näme üçin gaýtdyňyz? Sizi gaýtmaga mejbur etdilermi ýa özüňiz gaýtdyňyzmy?

Abdulkadyr: Mejbur etdiler, ýogsa kim çykar o ýerden?! Wizamyzy uzaltmadylar, soň biz gaýtdyk-da.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda ýaşamak üçin, kimlik kart berilýärmi?

Abdulkadyr: Hawa, kimlik kart berdiler.

Azatlyk Radiosy: Ony näme üçin siziň eliňizden aldylar?

Abdulkadyr: Aldylar-da, bizi gepledip durmadylar, aldylar. Ol ýerde dogry kanuna gulluk etmeýärler. O ýerde kanun ýöräp bilenok. Kanun bar, kanuna hiç kim kanagat edenok. Bolmasa biz o ýerde jenaýat etmedik, hyýanat etmedik, ogurlyk etmedik, adam urmadyk. Çagalarymyz şol ýerde okady. Türkmen dilinde okadylar. Şol ýerde doglan, şol ýerde ösen. Owgana gelip, bular mekdepdenem galdylar. Bular köp alada galdylar.

Azatlyk Radiosy: Geleniňize näçe wagt boldy?

Abdulkadyr: Indi bir ýarym ýyl bolýar.

Azatlyk Radiosy: Çagalaryňyz ol ýerde näçe ýyla çenli mekdepde okadylar?

Abdulkadyr: Meniň çagalarym şo ýerde doglansoň, näme diýeýin men, 17-18 bäri aňyrdadym men.

Azatlyk Radiosy: Adam bir ýurtda dogulsa, onuň şol ýurduň raýatlygyny kabul etmäge hukugy bolýar. Ol bolmadymy?

Abdulkadyr: Men aýtdym ahyry, o ýerde kanun bolmasa näme edeli? Bir adam prezidentiň özüne arz etmese, prezidente-de arza ýetirip bolanok. Bolmasa, Türkmenistanyň prezidentine arz etdik. Belki, ol sogar-ideg ederdi, kömek ederdi. Bilmedik. Bizi kiçi resmiler çykaryp goýberdi. Öý-jaýymyzam galdy, öý goşlarymyzam galdy, sygrymyzam galdy, hemme zat galdy aňyrda.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, o taýda Türkmenistanyň raýatlygy bolmasa, ýaşamak kyn-da?

Abdulkadyr: Hawa, Türkmenistanyň öz raýaty bolmasaň, siz aňyrda ýaşap bilmeýäňiz.

Azatlyk Radiosy: “Türkmenistanda ýaşaýan ýa-da ygtyýarnama berlen adamlara Türkmenistanyň raýatlygy berilsin” diýip, prezident perman çykarypdy. Indi ol amala aşmazmy?

Abdulkadyr: Mümkin, prezident yzyny yzarlasa, amala aşar. Bolmasa iş kiçileriň eline düşse, ony aýdyp bilmeýän. Ýöne ýokardan prezidentiň özi yzarlap dursa, “şu iş boldumy ýa bolmadymy?” diýse bolýar. Ine, biziň, şükür älhamdu-Alla, ata-babalarymyz aňyrdan gelen.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, ol ýer siziň ata Watanyňyz-da?

Abdulkadyr: Ata Watanym. Atamyň gubury bar Kerki şäherinde. Ata-babalarymyzyň guburlary bar. Men Abdulkadyr Abdulhamit ogly. Abdulhamidiň gubury bar Kerki şäherinde, 103 ýaşda, şol ýerde ýogaldy.

Azatlyk Radiosy: Siz soňky 18 ýyly Kerki şäherinde ýaşadyňyzmy?

Abdulkadyr: Hawa, Kerki şäherinde 18 ýyl ýaşadym. Oglumy-da aňyrdan öýlendirdim. Oglumyň gelini, üç çagasy bar. Olaryň ikisi gyz, biri ogul. Bir gyzy şo ýerde mekdepde okuwda okaýar. Oglum Owganystanda. Oglum prezidente arz edip, üç aýlyk wiza bilen bardy-da, gaýtdy. Oglum bärde, aýaly aňyrda, şeýle görgülilik, biz häzir sergezdançylykda.

Azatlyk Radiosy: Siziň ogluňyz Türkmenistandan öýlenipdir, olaryň çagasam bar. Siziň ogluňyza o ýerde ýaşamaga rugsat berilenokmy?

Abdulkadyr: Häzir oglumyza-da rugsat berlenok, özümize-de rugsat ýok.

Azatlyk Radiosy: Eger Türkmenistanyň prezidentine ýüz tutsaňyz, ondan etjek haýyşyňyz näme?

Abdulkadyr: Biziň etjek haýyşymyz şu: görüň biziň çagalarymyzy, türkmen dilinde okan, türkmen terbiýesini alan. Bular Owganystana gelip, başga hata düşünmese, bu çagalaryň geljegi bisowatlykdan hem beter bolar. Owganystanda gün görüp bilenoklar, işläp bilenoklar.

Bular türkmen dilinde okan, türkmen dilinde gürläp öwrenen. Indi bular Owganystana gelip, mekdep okap bilenoklar. Türkmenistanyň merhemetli prezidentimizden, Arkadagymyzdan haýyşymyz şu, bizi gaýtadan çagyryp, yzymyza ýerleşdirse. Bizem Türkmenistanyň raýatlary ýaly, kada-kanunlara boýun bolup işlesek, biz hoş bolarys.

Azatlyk Radiosy: Ogluňyzyň aýaly türkmenistanly bolsa, ol ogluňyza raýatlyk alyp bermek üçin hereket etmedimi?

Abdulkadyr: Gelnimiz arza ede-arza ede, onuň bir arzasy hem prezidente ýetmedi. Prezident bular ýalylara wiza beriň diýse, üç aýlyk wiza beripdirler. Ol üç aýdan soň gaýdyp geldi. Häzir Mazary-Şerifde, ýanymda. Gelini hem yzyndan gelipdir. Bir gyz agtygym mekdepde, okuwda okaýar. Şeýle sergezdanlyk.

Azatlyk Radiosy: “Türkmenistanda 18 ýyl ýaşadym” diýdiňiz. Türkmenistandaky ýaşaýyşdan razydyňyzmy?

Abdulkadyr: Razydym. Ýagşydyk, biz il hatarynda ýaşaýardyk. Parahatçylykdy. Uruş-dawa ýokdy. Türkmenistanyň raýatlary bilen bir dogan ýaly ýaşadyk. Ine, gyz aldyk, gyz berdik, şular ýaly toý-märekeler, sadakalar boldy. Hoşluk bilen gatnaşygymyz bardy. Biziňki oňatdy. Ýöne şol ýerde bir sebäp boldy, onuň sebäbine-de düşünmedik. Ygtyýarnamanyň wagtyny uzaldyp bermediler-de, çykaryp goýberdiler. Soň gaýtmaly bolduk. Öz adyma öýüm bardy, garažym bar, motorlarym bar, şo ýerde hemme zadym bar.
XS
SM
MD
LG