Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa "Transhazary" tankyt edýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ýewropa Bileleşigi “Transhazar” gazgeçirijisiniň proýektini Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň boýnuna dakýar diýip, çykyş etdi. Lawrow bu barada Orsýetiň günorta regionynda ýerleşýän Donskoý Döwlet Uniwersitetinde eden çykyşynda durup geçdi.

Orsýet hazarýaka döwletleriniň Günbatar bilen energiýa hyzmatdaşlygyndan köpden bäri nägilelik bildirip gelýär.

“Biziň ÝB-däki partnýorlarymyz Azerbaýjana we Türkmenistana “Transhazar” gazgeçirijisiniň proýektini, gönümelläp aýdylanda, hut boýnuna dakýarlar we şeýle meseleleriň Brýusseliň däl-de, hazarýaka döwletleriniň çözmelidigini äsgermeýärler” diýip, habar agentlikleri Orsýetiň daşary işler ministriniň sözlernden sitata getirýärler.

2011-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýewropa Bileleşigi “Transhazar” gazgeçirijisiniň proýektiniň kanuny esaslary barada Azerbaýjan we Türkmenistan bilen gepleşik geçirmek üçin Ýewropa Komissiýasyna resmi ygtyýarnama beripdi.

“Transhazar”

Umumy bahasy 7,9 milliard ýewro barabar diýlip yglan edilen “Transhazar” gazgeçirijisi Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň kenarlaryny birikdirip, regionyň gazyny Ýewropa ýurtlaryna akdyrmak üçin niýetlenýär.

“Gazagystanyň Tengiz, Türkmenistanyň Türkmenbaşy, Azerbaýjanyň Baku we Türkiýäniň Erzurum punktlarynyň üstünden geçýän gazgeçiriji arkaly ýylda 20-30 milliard kubometr gazyň akdyrylmagy planlaşdyrylýar.

Hazaryň statusy

Mundan ozal Orsýetiň Daşary işler ministrligi Ýewropa Bileleşiginiň Baku we Aşgabat bilen gepleşikler prosesine başlamagy boýunça öz pozisiýasyny aýan edip, Kaspiý deňziniň statusy kenarýaka döwletler bolan Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň arasynda kesgtilenýänçä, “Transhazar” proýektiniň durmuşa geçirilmegi mümkin däl diýipdi.

Sergeý Lawrow hazarýaka döwletleriniň Kaspiý deňziniň ykbalyny, üçünji bir tarap goşulyşmazdan, çözmäge ukyplydygyny aýtdy hem bu ugurdan gepleşikleriň gidýändigini we taraplaryň iş ýüzünde ylalaşyklara gelmäge taýýardyklaryny belledi.

Bäş sany kenarýaka döwletiň arasynda Hazar deňzini bölmek problemasy Sowet Söýuzy dargandan soň ýüze çykdy. Mundan ozal Kaspiý deňzini bölüşmek Sowet Soýuzynyň we Eýranyň arasynda 1940-njy ýylda baglaşylan ylalaşygyň esasynda kesgitlenipdi.

Orsýetiň Tebigat ministrliginiň resmi maglumatlaryna görä, Kaspiý deňziniň anyklanan baýlygy 2,95 milliard tonna nebite we 3,1 trillion kubometr gaza barabar.

Şol bir wagtda-da, tankytçylar Orsýetiň Kaspiý deňziniň statusynyň kesgitsizligine salgylanyp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň “Transhazar” proýekti boýunça kararlarynyň durmuşa geçirilmegine päsgel bermek isleýändigini aýdýarlar.

Türkmenistan-ÝB

Azerbaýjan “Transkaspiý” proýektini durmuşa geçirmäge razylyk berdi.

Türkmenistan köpugurly energiýa strategiýasyna eýerýändigini, şol sanda Ýewropa tarap proýektlere garamaga taýýardygyny mälim etdi. 2008-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen energiýa hyzmatdaşlygy boýunça birek-birege düşünişmek boýunça degişli memoranduma gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda ýurduň anyklanan gaz zapaslary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygy, ýurduň gündogarynda ýerleşýän diňe bir “Galkynyş” gaz ýatagynda 26 trillion kubometr gazyň bardygy aýdylýar. Türkmenistanyň Nebit-gaz senagaty ministrligi 2030-njy ýyla çenli ýurtda öndürilýän gazyň mukdaryny ýylda 230 milliard kubometre çenli artdyrmagy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG