Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: MD-niň resmisi tussag edildi


Müsürde “Musulman doganlygy” hereketiniň ýokary derejeli agzasynyň tussag edilendigi habar berilýär. Günbataryň we Müsüriň metbugatynyň habar bermegine görä, Essam El-Erian çarşenbe güni Kairiň günortasynda tussag edilipdir.

Müsüriň Içeri işler ministrliginiň resmisi “Reuters” habar gullugyna beren maglumatynda Erianyň şol ýerde bukulandygyny aýdýar. Erian “Musulman doganlygynyň” syýasy goly - “Azatlyk we Adalat” partiýasynyň orunbasarydyr.

Bu yslamçy herekete garşy basyş edýän hökümetiň 3-nji iýulda yslamçy prezident Mohammad Morsi häkimiýetden agdarylany bäri eden tussaglarynyň iň soňkusydyr.

Müsürde “Musulman doganlygy” hereketine gadagançylyk girizilip, onuň ýüzlerçe lideri hem tussag edildi. Morsiniň häkimiýetden agdarylmagynyň yzýany bolup geçen ýowuzlyklarda azyndan 1 müň adam, şol sanda howpsuzlyk güýçleriniň agzalary öldi.
XS
SM
MD
LG