Sepleriň elýeterliligi

Türkmenabat: Ýerzeminlerden porsy ys gelýär


Türkmenistanyň ikinji uly şäheri bolan Türkmenabadyň kiçi merkezi etrapçasynda 70-80-nji ýyllarda gurlan köpgatly jaýlar, uzakdan göräýmäge, meniňki bolsun diýmäge mynasyp. Emma şol jaýlaryň, esasanam, aşaky gatlarynda ýaşaýan adamlaryň häzirki döwürde günleri kyn.

Sebäbi ýokarky gatlaryň hapa suwlary akdyrylýan turbalaryndan, ýagny kanalizasiýa turbalaryndan aşaky gatlara suw syzýar diýip, adamlar gürrüň berýärler. Şol sebäpden jaýlaryň käbirleriniň ýerzeminleri çygdan ýaňa aňkap dur. Bu hem diňe bir ýerzemine däl, eýse tutuş jaýyň özüne-de howp salýar diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Ýaşaýjylar munuň sebäbini jaýyň suw we kanalizasiýa suwlary akdyrylýan turbalarynyň çüýränliginden we häzirki döwürde şol turbalaryň suwuň basyşyna çydamýanlygyndan görýärler. Bu ýagdaý diňe sowet döwründe gurlan jaýlarda däl, käbir täze jaýlarda hem gabat gelýär.

Gürrüňi edilýän täze jaýlar Türkmenabadyň “Pesoçnyý”, ýagny il arasynda ”çägeli” diýlip atlandyrylýan kiçi etrapçasynda ýerleşýär. Bu etrapçadaky jaýlaryň aglabasy 2000-nji ýyllarda gurlan binalar. Ýerzeminlerde suwuň uýşmegine ýylyň islendik paslynda duş gelmek bolýar.

Ýerzeminlerden ýaýraýan ýaramaz yslar

Hususan-da, tomus aýlarynda ýerzeminlerden ýaýraýan ýaramaz yslar sebäpli, şeýle ýerleriň dürli keselleriň ojagy bolýandygy aýdylýar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir adamlar porsan suwlara üýşýän dürli mör-möjekleriň, köplenç hem çybynlaryň gijelerine ýatyrmaýanlygyny janygyp gürrüň berýärler.

Ýerzeminlerdäki suwlaryň ýetirýän zeperi diňe çybynlar ýada ýaramaz yslar bilen çäklenmeýär. Jaýlaryň birinji gatynda ýaşaýanlar üçin goşmaça problemalary-da döredýär. Türkmenabadyň kiçi merkezi etrapçasynyň özüni Gurban diýip tanadan ýaşaýjysy, şol suw zerarly, çygyň birinji gatdaky ýaşaýyş jaýlarynda hem mazaly duýulýandygyny aýdýar.

Gurban ýakynda öz öýünde abatlaýyş işlerini geçirip, ewroremont diýilýän gymmat remontlaryň birini edipdir. Ýöne çyg çekýänligi sebäpli, ol eden remontynyň hözirini görüp bilmeýändigini we diwarlarynyň aşagynyň eýýäm gopup başlandygyny aýdýar.

Gurbanyň aýtmagyna görä, jaýyň ýaşaýjylary Ýaşaýyş jaý ulanyş trestine turbalaryndan suw akýandygy, ýerzeminleriň bolsa içine suw üýşendigi barada arza ýazypdyrlar. Şol arzadan soň degişli edaranyň işgärleriniň ýerzemindäki suwy sorduryp aýrandygyna garamazdan, ol ýagdaýyň ýene öňküligine dolanyp gelendigini gürrüň berýär.

Umytly gürrüňler

Ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniň adyny aýtmazlygyny haýyş eden işgäri, 2014-nji ýyldan başlap, köne jaýlaryň turbalaryny çalyşmaly diýen habaryň bardygyny we häzir şeýle jaýlary bellige alyp, olaryň birýandan oňarylyp başlanyljakdygyny aýtdy.

Ýerli administrasiýa bu barada käbir işleri hem geçirip başlady. Onuň alamatlaryndan biri hem soňky döwürlerde Türkmenabadyň ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde Ýaşaýyş jaý ulanyş bölümi tarapyndan asylyp başlanan bildirişler. Şol bildirişlerde ýaşaýjylara 27-nji oktýabrdan soň jaý ýyladyş ulgamynyň işe girýändigi barada habar berilýär.

Ýyladyş ulgamynyň kranlaryny berkitmeklik we turbalarynda näsazlyklar bar bolsa, bu hakda görkezilen telefon nomerleri boýunça degişli edaralara habar bermek haýyş edilýär.

Türkmenistanda, adatça, her ýyl 1-nji noýabrdan beýläk jaýlary ýyladyş ulgamy öz işine başlaýar. Häzirki wagtda bolsa degişli edaralar tarapyndan turbalaryň abatlygy barlanylýar. Bu çäräniň suw turbalaryny öz içine alyp-almajagyny häzirlikçe anyklap bolmady.
XS
SM
MD
LG