Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palestinaly tussaglar boşadyldy


Çarşenbe güni Ysraýyl 26 sany palestinaly tussagy azat etdi. Bu uzak wagta çeken parahatçylyk gepleşikleriniň gaýtadan başlanmagyna badalga bermek üçin ädilen ädim diýlip hasaplanýar.

Tussaglaryň boşadylmagy Palestinada şatlyk bilen garşy alynda. Azat edilenlerden käbirleriniň 20 ýyldan gowrak wagt bäri tussaglykda saklanýandygy aýdylýar.

Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas Ramallahda eden çykyşynda ysraýyl tussaglaryň boşadylmagy bilen bagly gurluşygy dowam edýän ýewreý obalary barada eglişik gazanmaga synanyşsa, palestinalylar muny ret eder diýdi.

Tussaglaryň boşadylmagy barada gelnen ylalaşyk Ysraýylda gahar-gazaby döretdi.

Bu tussaglar Ysraýyl Günbatar kenary, Gazany we gündogar Ierusalimi basyp alanyndan soň bendilige höküm edilipdi. Ysraýyl bu basybalşy 1967-nji ýylda Ýakyn Gündogar urşy döwründe amala aşyrypdy.

Şonda tussaglaryň köpüsi raýatlary bomba we beýleki hüjümler arkaly öldürilmekde aýyplanyp, tussaglyga höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG