Sepleriň elýeterliligi

Klapper ABŞ-nyň gözegçiligi barada aýtdy


Sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň Milli aňtaw gullugynyň başlygy Kongrese daşary ýurtly liderlere gizlin gözegçilik etmegiň adaty zatdygyny we onuň köp wagtdan bäri ABŞ-nyň gözegçilik operasiýalarynyň bir bölegidigini aýtdy. Şeýle-de, ol bu tejribäniň ähli döwletler tarapyndan amala aşyrylýandygyny sözüne goşdy.

ABŞ-nyň Milli aňtaw gullugynyň başlygy Jeýms Klapper kanunçykaryjylara bu ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň maglumat ýygnaýan bölüminiň daşary ýurtly liderleriň meýillerini bilmek üçin ulanýan “esasy prinsipleriniň bir görnüşidir” diýdi.

Şeýle-de, Klapper ABŞ-nyň ýaranlarynyň hem ýurduň resmilerine “gürrüňsiz” gizlin gözegçilik edendigini aýtdy.

Metbugatda çykan maglumatlarda ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk gullugynyň Fransiýada we Ispaniýada millionlarça adamyň telefon gepleşiklerini gizlin diňländigi we Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň telefon gepleşiklerine gözegçilik edendigi aýdylýar.

Bu maglumatlar ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk gullugynyň öňki işgäri Edward Snowden tarapyndan äşgär edilipdi.
XS
SM
MD
LG