Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Dokuz adam öldi


Pakistanyň iň uly şäheri Karaçide bolan aýry-aýrylykdaky ýowuzlyklarda azyndan dokuz adam öldi. Karaçi polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, öldürilenleriň arasynda ýerli syýasy aktiwist Kamar Şah hem bar. Ol milletçi “Milli Awami” partiýasynyň işjeň agzasydy.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, Kamar Şah Mehmud Abad territoriýasynda ýaragdan ot açylyp öldürilipdir. Milletçi “Milli Awami” partiýasynyň Sindh welaýaty boýunça maglumat sekretary Malik Açakzaý Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda motorly barýan adamlaryň Şaha ýaragdan ot açandygyny we onuň şol ýerde jan berendigini aýtdy.

Karaçi şäherinde bikanun ýaragly toparlara garşy operasiýalar soňky iki hepde bäri dowam edýär. Bu operasiýalaryň dowamynda polisiýa ýüzlerçe jenaýatçyny we söweşijini tussag edendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG