Sepleriň elýeterliligi

Sosnowskaýa: Türkmen talyplaryna esewan bolýarys


Witebsk şäheriniň Döwlet Uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýy.

Witebsk şäheriniň Döwlet Uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýy.

Soňky döwürde Belarusyň Witebsk şäherinde okaýan türkmenistanly studentleriň basyşlara sezewar edilmegi we beýleki çylşyrymly wakalar barada maglumatlar peýda bolýar. Azatlyk Radiosy soňky ýagdaýlar bilen gyzyklanyp, Belarusyň Witebsk şäheriniň P.M.Maşerow adyndaky Döwlet Uniwersitetiniň Daşary ýurtly studentler boýunça bölüminiň müdiri Oksana Sosnowskaýa bilen söhbetdeş boldy.

Ýaňy-ýakynda Witebskde okaýan türkmen studentleriniň ýapyk oturylşygynyň gadagan edilendigi barada habar berlipdi. Ýerli habar çeşmeleri şäherde 22 ýaşly türkmen studentiniň öz janyna kast edendigi barada maglumat ýaýradypdy. Ýene bir maglumatda Witebsk şäheriniň Döwlet Uniwersitetinde okaýan türkmenistanlylaryň milletçiler tarapyndan köpçülikleýin urlup-ýenjilýändigi barada aýdyldy. Belarusyň resmi statistiki maglumatynda ýurtda 6,514 türkmenistanlynyň bilim alýandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy soňky ýagdaýlar bilen gyzyklanyp, Belarusyň Witebsk şäheriniň P.M.Maşerow adyndaky Döwlet Uniwersitetiniň Daşary ýurtly studentler boýunça bölüminiň müdiri Oksana Sosnowskaýa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Oksana Anatolýewna, Witebsk şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda, şeýle-de Maşerow adyndaky Döwlet Uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanlylar bilen bagly çylşyrymly wakalar barada birnäçe maglumatlar peýda boldy. Siz soňky ýagdaýlar barada gürrüň berseňiz?

Oksana Sosnowskaýa: Biziň jemgyýetimizde dartgynlylygyň ýokdugyny aýdyp biljek. Emma ýakynda bir waka bolup geçdi. Käbir türkmen studentleri türkmen oglanlaryň we ors gyzlaryň gatnaşmagynda ýapyk oturylşygyň boljakdygy barada maglumat ýaýradyp, dartgynlylygy tutaşdyrmak üçin bilgeşleýin synanyşyk etdiler.

Şol bir wagtda-da, ýagdaýa umumy syn etsek, men soňky ýyllaryň dowamynda bu ýerde türkmen studentleriniň gatnaşmagynda erbet zatlaryň bolandygyny aýdyp biljek däl. Käbir belaruslaryň we käbir türkmenleriň arasynda birek-birege düşünişmezlik bilen bagly aýry-aýry wakalar, uruşlar käte bolup durýar. Emma bu ýerde dartgynlylyk bar, belaruslar türkmen studentlerini yzarlap, kowalaýarlar diýip bolmaýar.

Käbir türkmen studentleriniň negatiw reaksiýalardan, umuman, howatyrlanýan bolmaklary mümkin, emma çagalar okuwa gatnaýarlar. Biz studentleriň okuwa gatnaýşyna üns bilen syn edýäris. Okuwa gatnamadyk student derhal öýüne iberilýär. Şonuň üçin, haýsy-da bolsa bir student oýünde galyp, iki hepde bäri okuwa gatnamasa, meniň bu barada habarsyz galmagym mümkin däl. Men size çürt-kesik: ýok, mende beýle zat bolmaýar diýip jogap berýärin.

Azatlyk Radiosy: Witebskiň Döwlet Uniwersitetinde Türkmenistandan näçe student okaýar?

Oksana Sosnowskaýa: 480 adam. Olaryň arasynda gaýybana bilim alýanlar hem bar. Gaýybana okaýanlaryň sany 80 adam çemesi. Bizde studentlere berk gözegçilik edilýär. Meniň şahsy pikirime görä, Orsýetde Birýulýowo wakalary bilen bagly milletçilikli çykyşlaryň tutaşdyrylmagy ýaly, bärde-de, dartgynlylygy tutaşdyrmak üçin bilgeşleýin hereketleriň edilýän bolmagy mümkin. Ýöne bizde kanuny goraýjy edaralar gaty gowy işleýärler.

Azatlyk Radiosy: Türkmen studentleri, haýsy-da bolsa bir kynçylyk dörände, nirä ýüz tutup bilýärler?

Oksana Sosnowskaýa: Birinji nobatda student dekanata barýar. Her bir student kynçylyk dörände ,dostlaryna, tanyşlaryna ýa başgalara ýüz tutman, göni dekanata gelmeli. Biz bolsa kömek bermek üçin elimizde baryny edýäris.

Azatlyk Radiosy: Uniwersitetiňizde okaýan türkmen studentleriniň bilim derejesine nähili baha berýärsiňiz?

Oksana Sosnowskaýa: Ýaşlar biri-birinden örän tapawutlanýar. Gyzyl diplom almaga taýýar ýaşlar bar, goşmaça sapaklara mätäç ýaşlar-da hem bar. Beýleki ýurtlaryň studentleriniň arasynda hem ýagdaý şeýleräk. Ýöne türmen studentleriniň arasynda Türkmenistanda türkmen-türk mekdebini ýa-da türkmen-ors mekdebini gutaran ýaşlaryň taýýarlyk derejesiniň has oňatdygyny belläsim gelýär. Oba mekdeplerinde okanlaryň taýýarlygy örän gowşak bolýar.

Şol bir wagtda-da studentleriň bu ýerdäki bilim alyş derejesi diňe olara mekdepde berlen bilime bagly bolmaýar, köp zat studentleriň okamak höwesine-de bagly. Meselem, bir türkmenistanly student, mekdepde okuwa derek mydama pagta ýygmaly bolupdyr, emma ol bärde örän gowy okaýar.

Azatlyk Radiosy: Witebskiň Döwlet Uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanlylaryň arasynda näçesi türkmen döwleti tarapyndan okuwa iberildi, näçesi öz hasabyna okaýar?

Oksana Sosnowskaýa: Döwletiň hasabyna okaýan diňe bir sany student bar. Türkmen döwleti tarapyndan okuwa iberilen studentleriň sany bolsa 50 töweregi. Emma olar okuw üçin özleri tölemeli bolýarlar. Galan studentleriň ählisi özbaşdak gelip, öz hasabyna okaýarlar. Uniwersitetde türkmen studentleri üçin göz öňünde tutulan nyrhlar ýylda 2250 we 2550 amerikan dollaryna barabar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG