Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohaniden wadasynda tapylmak talap edilýär


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň döwlet başyndalygyna diňe üç aýyň geçendigine garmazdan, onuň saýlaw kampaniýasynyň gidişinde beren wadalary barada eýýäm ýatladylýar.

Hassan Rohaniniň beren esasy wadalarynyň biri syýasy tussaglary boşatmak bolupdy, bu wadanyň entek ýerine ýetirilmändigi aýdylýar.

Ýakyn günlerde Eýranyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan syýasatynyň iki sany meşhur tankytçysy Ronanä ýüzlenip, onuň Mir Hossein Musawini we Mehdi Karrubini öý tussaglygyndan boşatmagy wada berendigi üçin köp ses berijiler tarapyndan goldanandygyny ýatlatdylar. Eýran oppozisiýasynyň görnükli wekilleri Musawi we Karubi, şeýle-de Musawiniň aýaly Zahra Rahnward 2011-nji ýylyň fewral aýyndan bäri öý tussaglygynda saklanýarlar.

Ali Mohammad Dastgheýbiň tankydy

Şu hepdede gozgalan bu meseläniň öň ýanynda aýatolla Ali Mohammad Dastgheýb Musawiniň gyzlaryna garşy edildi diýilýän hüjüm babatynda Rohaniniň dymmagyny tankyt edipdi. Musawiniň gyzlarynyň biri 24-nji oktýabrda Facebookda ýazan kommentarisinde özüniň we öz doganynyň ene-atasyny görüp gaýdanlaryndan soň garawul aýal tarapyndan ýenjilendigi barada habar berdi. Bu maglumat oppozisiýanyň tarapdarlarynyň arasynda gahar-gazap döretdi.

“Size öz seslerini beren adamlar, sizi Musawi bilen baglylykda saýladylar. Emma, gynansak-da, siz dil ýarmadyňyz” diýip, Eýranyň oppozisiýasynyň websaýtlary Dastgheibiň sözünden sitatany çap etdiler.

Bilermenler geňeşiniň agzasy bolan Dastgheibiň pikiri agramly hasaplanýar. Bu edara ýurduň baş lideri aýatolla Ali Hameneýiniň işine gözegçilik etmäge ygtyýar berilýär. Dastgheib geçmişde Eýranyň liderine garşy çykyş edipdi we ýurtda adam hukuklarynyň depelenmegini ýazgarypdy.

28-nji oktýabrda çap bolan kommentarilerde habar berlişine görä, Dastgheib özüniň we beýlekileriň Rohanini şertli saýlandyklaryny mälim edipdir.

“Biziň ilkinji şertimiz: siziň ähli syýasy tussaglary boşatmaga synanyşmagyňyzdy, aýratynam Musawiniň we Karubiniň öý tussaglygynyň soňuna çykmagyňyzdy” diýip, aýatolla Dastgheib aýdypdyr.

Abdollah Nuriniň çykyşy

Öňki içeri işler ministri we abraýly reformaçy Abdollah Nuri hem Rohanini saýlanlaryň syýasy özgerişliklere umyt baglandyklaryny ýatlatdy.

Nuri bu barada geçen hepdede Karrubiniň maşgalasy bilen geçiren duşuşygynda aýtdy. Onuň bu kommentarileri 28-nji oktýabrda AÝ/AR-a elektron poçta arkaly gowuşdy we oppozision habar serişdelerinde çap boldy.

Nuri Rohani özüne goldaw berilmegiň köpçüligiň ýurtdaky “eden-etdilikden”, “raýat azatlyklarynyň çäklendirilmeginden” we “çäkli pikirlerden” bizar bolmagy bilen baglydygyny “ýatdan çykarmaly däl” diýdi.

Sentýabr aýynda Eýranda ona golaý syýasy tussag azatlyga goýberilipdi. Bu çäre adam hukuklaryny goraýjy toparlar tarapyndan gowy kabul edilipdi. Bu waka Hassan Rohaniniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka eden saparynyň öňüsyrasynda amala aşyryldy.
XS
SM
MD
LG