Sepleriň elýeterliligi

Arslan: "Ýaş gyzlara ýaglyk gelşenok"


Kellesi ýaglykly türkmen gyzlary

Kellesi ýaglykly türkmen gyzlary

Geçen hepde Garaşsyzlyk baýramçylygyna taýýarlyk hökmünde geçirilen çäreleriň birinde habarçymyz kellesi ýaglykly, emma bir meňzeş geýinen täze formadaky ençeme gyza duş geldi.

Ýüzlerçe gyzyň diňe bir reňkdäki ýaglyk we egin-eşik bilen şol çärä barmagy tötänlikmi ýa tabşyryk ? Bu barada häzirlikçe bir zat aýtmak kyn. Emma şol bir wagtyň özünde-de bu surat, “Ýurtda gyzlaryň milli egin-eşigi diýilip atlandyrylýan - formasy täzelenýärmi?” diýen, soragy hem döredýär.

Ýokardaky surata, suratdaky forma siz nähili baha berýärsiňiz? Eger gyzlaryň formasy täzelenip, bu hem formanyň täze görnüşi bolsa, onda bu forma siziň nähili garaýyşyňyz bar? Hökümetiň şonuň ýaly zatlara aralaşmagyna siz nähili garaýarsyňyz?

Bu soraglara dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmen ýaşlary Arslan, Nesibe we Selbi jogap berdi. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň. Öz garaýyşlaryňyzy aşakdaky teswir bölüminde galdyryp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG