Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Howa zarbasynda 3 adam öldi


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda söweşijileriň lageridigi çaklanylýan nyşana Birleşen Ştatlaryň pilotsuz uçarlarynyň howa hüjümini amala aşyrandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugynyň berýän maglumatyna görä, penşenbe güni Miranşahyň golaýynda bolan howa zarbasynda söweşiji diýlip güman edilýän üç adam öldürilipdir.

ABŞ-nyň howa zarbasy diýlip güman edilýän bu hüjüm Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarifiň şeýle hüjümleriň bes edilmegi üçin prezident Barak Obama çagyryş edeninden bir hepde soň bolup geçdi.

Şeýle-de bu hüjüm Pakistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan ýaýradylan beýanatdan bir gün soň amala aşyryldy. Beýanatda 2008-nji ýyldan bäri Pakistanda edilen 317 sany howa zarbada 2160 yslamçy söweşijiniň we 67 asuda ilatyň ölendigi mälim edilýär.
XS
SM
MD
LG