Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maliki ABŞ-ly resmiler bilen duşuşdy


Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki Birleşen Ştatlaryň kanun çykaryjylary bilen duşuşdy. Maliki soňky iki ýylyň dowamynda Waşingtona amala aşyrýan ilkinji saparyny dowam etdirýär.

Maliki Yrakda belli bir derejede mezhebara dartgynlylygyň artmagy we Siriýa bilen araçäkleşýän territoriýalarda raýat urşunyň möwjemegi sebäpli dörän ýowuzlyklardan baş alyp çykmaga harby kömek soramak üçin Waşingtona bardy.

Birleşen Ştatlar şu ýylyň dowamynda Yrakda 7 müňden gowrak adamyň öldürilendigini çaklaýar.

Senator Jon Mak Kaýn çarşenbe güni Maliki bilen duşuşandan soň, Yrakda ýagdaýyň “erbetleşýändigini” we muny “tersine öwürmegiň” Malika baglydygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG