Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada doglan ýazyjy gytçylygy ýatlaýar


Sowet döwrüniň azyklary
Sowet döwrüniň azyklary
Ýurtlar azyga, nahara bolan gatnaşygy babatda biri-birinden tapawutlanýarmy? Brežnew döwrüniň Moskwasynda doglan ýazyjy, azyk önümleri boýunça ýöriteleşen awtor Anýa won Bremzen bu soraga «şeksiz» diýip jogap berýär.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň habarçysy Deýzi Sindelar won Bremzen bilen azyk kartoçkalary, azyk nobatlary we onuň "Mastering the Art of Soviýet Cooking" («Sowet aşhana sungatyny özleşdirmek») atly kitabyndaky ýekzotik tagamlara bolan küýseg barada söhbetdeş boldy.
Anýa won Bremzen
Anýa won Bremzen

Azyga, nahara bolan yhlasy bilen tanalýan ýurtlar barada soralsa, käbirleriniň tebigy ýagdaýda Italiýany, Farnsiýany ýatlamagy mümkin.

Emma Sowet Soýuzynda doglan Anýa won Bremzen öz dogduk ýurdunyň hem azyga, nahara bolan yhlasynyň uludygyny, ýöne munuň başgaçarak ýaýdaýda ýüze çykýandygyny aýdýar:

"Fransiýa bilen Italiýa bu hedonistik gatnaşyga özleriniň naharlary bilen tanalmak arkaly eýe boldular. Orsýetlileriň öz naharlaryna gatnaşygy barada aýdylanda bolsa, bu has çylşyrymly. Sebäbi köp wagt gahatlyk boldy, adamlaryň eline suwytly zat düşmedi. Onsoň üsti doly stoly, dükanda uzak nobata durman hzat alyp bilmegi arzuw etmek adamlaryň durmuş-ýaşaýyşyny örän dramatik bir şekilde taplady."

Sowet önümleri. 1986
Sowet önümleri. 1986
Azyk önümleri hakynda ýazýan won Bremzeniň öňki kitaby “Please To The Table” («Baş üstüne, saçak başyna geçiň») ozalky Sowet Soýuzyna girýän ýurtlaryň naharlarynyň bişirilişi baradaky maglumatlar kolleksiýasyny hem özünde jemleýär.

Emma onuň soňky kitaby (“Mastering The Art Of Soviýet Cooking: A Memoir Of Food And Longing”) diňe nahar kitaby däl. Bu kitapda Bremzenleriň maşgala taryhy Sowet Soýuzynyň onýyllyklara uzaýan taryhy we olaryň azyk gahatçylygynda gören görgüleri bilen utgaşykly beýan edilýär.

Won Bremzeniň nesil-şejere agajy Sowet Sozyndan we sowet tejribelerinden has aňyrlardan gaýdýar. Ol ilki bäbekleri pogromda öldürilenden soň Bolşewizme gujak açan Odessa ýewreýlerini, soň Sibir türmesine basylan Orta Aziýa feministini öz içine alýar.

Onuň atasy gizlin aňtaw işgäri bolup, Iosif Stalin 1941-nji ýyldan öň nasist howpy barada gaýta-gaýta berilýän duýduryşlary äsgermezlik edýän wagty, bu zatlara uly gaýgy-alada bilen sereden elitanyň arasyndady.
Sowet azyk plakaty.
Sowet azyk plakaty.

Hatda onuň kakasy, soň aýalyny we gyzyny taşlan fon Bremzen hem sowet taryhynda belli bir rol oýnaýar, ýagny oňa, az wagtlygym bolsa, alym hökmünde Wladimir Leniniň mumyýalanan bdeniniň reňkiniň diri adamyňky ýaly görünmegini üpjün etmek işi ynanylýar.

Gürrüň berilýän wakalaryň her biri azyk, nahar ýatlamalary, özbek palawyndan başlap, farşlanan balyk, daşary ýurtdan getirilen del sakgyçlar bilen utgaşýar.

Elbetde, ýetde-gütdelikler, azyk kartoçkalary, azyk nobatlary hem az rol oýnamaýar. Onsoň köplenç ýagdaýda, uzak wagt ýatda, hakydada galýan naharlara hakykatda dürli-dümen zatlar däl-de, süýji arzuw, göwün ýüwürtmeler goşulýar. Mysal üçin, won Bremzeniň ejesi Larisa bir gezek Brežnew döwründe ýumurtga bilen gara çörekden bişirilen adaty agşamlyk naharyna üýtgeşik fransuz adyny berip, ony başga, ýatdan çykmajak bir nahara öwürýär.

Ýöne bu gytçylyklara garamazdan, won Bremzen öz sowet çagalygyny süýjülik bilen ýatlaýar. Ol 1974-nji ýylda ejesi bilen Birleşen Ştatlara emigrasiýa gideninden soň, öz aýtmagyna görä, uzyn nobatlara garamazdan, ol ýerde iýen tagamlaryny we ýurt sensasiýalaryny küýseýär.

"Uzyn nobata durmak Feýsbugyň sowet görnüşi ýaly bir zat. Bu bir jemgyýetdi. Adamlar özara urşardylar, sögüşerdiler, bir-birleri bilen gybat ederdiler. Çaga üçin bular örän üýtgeşik zatlardy. Onsoň biz [Birleşen Ştatlara geldik], diňe men we ejem. Biz Filadelfiýanyň şäher etegine geldik, ol ýerde ýol ýakasynda pyýadalar üçin ýoda ýokdy. Adamlar ýoldan ýöremeýärdiler. Meniň pikirimçe, bu köp immigrant üçin aňk ediji bir zatdy: Bu nähili bolup adamlar köçede pyýada gezmeýär?"
Kazanda dükan nobaty.1966.
Kazanda dükan nobaty.1966.

Won Bremzen birden içine düşen bolçulygyna, amerikan supermarketlerindäki azyk elýeterliginiň hem özüne beýle täsir etmändigini aýdýar. Içi sowadylýan dükanlarda, öte ýiti çyralaryň astynda hatar-hatar edilip goýlan azyk önümleriniň bolçulygy ýaşajyk Anýanyň azyga, nahara bolan islegini ýitirýär.

Won Bremzen Sowet Russiýasyndan soň, bir apelsiniň hem uly şatlyk berip bilýän ýurdundan gelip, birden amerikan bolçulygynyň içine düşmegiň özünde, birhili, bu ýerde «şatlanara zat hem ýok» diýen duýgyny döredendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG