Sepleriň elýeterliligi

Wezipelileriň biznesi: kim nähili garaýar?


2008-nji ýyldan bäri gurlan onlarça köp gatly ofisiň diňe biri.

2008-nji ýyldan bäri gurlan onlarça köp gatly ofisiň diňe biri.

Golaýda (16-njy oktýabrda) Waşingtonda Jorj Waşington uniwersitetinde Türkmenistandaky birinji maşgalanyň biznes işleri, has dogrusy bu ýagdaý barada aýdylýan, diýilýän zatlar hakynda, şonuň bilen birlikde ýurtda gurulýan uly ýollar, binalar hakynda gürrüň edildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda hökümet tarapyndan, daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda alnyp barylýan gurluşyklaryň aşa gymmat düşýändigi, bu taýda korrupsiýanyň mümkin bolan roly hakynda öňdenem gürrüň bar. Şol bir wagtda Türkmenistanyň birinji maşgalasynyň biznese gatnaşygy barada anyk faktlar çykybermeýär.

Emma Azerbaýjandaky, Özbegistandaky, Gazagystandaky birinji maşgalalaryň biznes işleri barada faktlara esaslanýan materiallar çap edilýär. Aýdaly, soňky maglumata görä, Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Gülnara Kerimowanyň biznes işleri bilen baglylykda derňew alyn barylýar.

Elbetde, wezipe bilen bagly biznes Türkmenistanda hem bar we ol resmi maglumatlar esasynda tassyk bolýar. Ýöne bu tassyklamalar prezidentden, birinji maşgaladan beýleki ýolbaşçylara, ministrlere, häkimlere degişli.

Eýsem Türkmenistanda uly döwlet wezipelerini eýeleýän adamlar we olaryň biznes işleri barada näme bilinýär?

Azatlyk Radiosynyň bu mesele barada gurnan "Tegelek stol" söhbetdeşligine ýerli synçylar: raýat aktiwisti Nurberdi Nurmämmet, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy, häzir Şwesiýada ýaşaýan türkmen oppozisioneri Hudaýberdi Orazow gatnaşdy.

Söhbeti diňläp, pikirlerňizi ýazsaňyz, hoşal bolarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG