Sepleriň elýeterliligi

Snowden ýakynda işe başlar


Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugynyň öňki işgäri Edward Snowden Russiýanyň websahypalarynyň birinde iş tapdy. Snowdeniň aklawçysy Anatoliý Kuçerenanyň penşenbe güni beren maglumatyna görä, onuň müşderisi noýabr aýynda işe başlar we “uly rus websahypasyna goldaw berer”.

Aklawçy Kuçerena “howpsuzlyk sebäplerine” salgylanyp, websahypanyň ady barada maglumat bermedi.

Penşenbe güni Russiýanyň habar websahypalarynyň birinde Snowdeniň Moskwanyň derýasynyň kenarynda seýil edip ýörendigi aýdylýan suraty çap edildi.

Waşington Snowdeni ABŞ-nyň global gözegçilik programmalary baradaky gizlin maglumatlary syzdyrandygy üçin, içalyçylyk aýyplamalary bilen gözleýär.

Awgust aýynda Snowdene Russiýa tarapyndan wagtlaýyn gaçybatalga berildi.
XS
SM
MD
LG