Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek talyp pyçaklandy


Özbegistanyň gündogaryndaky Andijon welaýatynda ýokary okuw jaýynyň talyby pagta ýygmagy üçin öz ýerine tutan işçisi tarapyndan pyçaklanyp öldürildi.

Andijonyň polisiýa resmisiniň çarşenbe güni Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 25 ýaşyndaky Botyr Ýuldoşew özüne pul tölemegi ret edendigi aýdylýan Zülfiýa Ahmedowa we onuň ejesine hüjüm etmekde aýyplanýar.

Ahmedowanyň ejesiniň saglyk ýagdaýy agyr bolup, ol häzirki wagt keselhanada saklanylýar.

Bu dürli sebäplere görä, soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Özbegistanyň pagta ýygym meýdanlarynda ölen onunjy adamdyr.

Özbek ýolbaşçylary çagalary pagta ýygmaga mejbur etmekde tankyt edilýär. Soňky ýyllarda diňe çagalar däl, hat-da uly adamlar hem pagta ýygmaga mejbur edilýär. Özbekleriň köpüsi pagta ýygmaga gitmejek bolup, öz ýerine hakyna adam tutýarlar.
XS
SM
MD
LG