Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Afrika: 87 adamyň jesedi tapyldy


Nigeriýanyň halas ediş toparlary ýurduň demirgazygynda 87 sany migrantyň erbet çüýrän jesetlerini tapdylar. Ýewropa gidip barýandygy çaklanylýan migrantlar Sahara çölüniň üstünden geçip barýarkalar heläk bolupdyrlar.

Aglabasy aýallardan we çagalardan ybarat migrantlar çölde ulaglary döwülmegi netijesinde suwsuzlykdan ölene çalym edýär. Olaryň ulaglary Nigeriýanyň Alžir bilen araçäginiň golaýynda döwülipdir.

Gürrüňi edilýän bu migrantlaryň Arlit şäherinden sentýabr aýynyň aýagynda ýola düşendigi çaklanylýar. Bu şäher niger-alžir araçäginiň 150 kilometr günortasynda ýerleşýär.

Nigeriýa migrantlaryň Günbatar Afrikadan Ýewropa aşmagy üçin esasy ugur hasaplanylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň çaklamalaryna görä, şu ýylyň mart aýyndan awgust aýyna çenli Nigeriýanyň Agadez şäherinden ykdysady sebäplere görä azyndan 30 müň migrant Ýewropa göçüpdir.
XS
SM
MD
LG