Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Raýatmy ýa migrant? Parhy ýok


Orsýetiň Migrasiýa gullugynyň öňünde nobatda duran adamlar, Moskwa, 25-nji oktýabr, 2013

Orsýetiň Migrasiýa gullugynyň öňünde nobatda duran adamlar, Moskwa, 25-nji oktýabr, 2013

Orsýetde daşary ýurtly işçi migrantlaryň durmuşy agyr. Emma Moskwada daşary ýurtly migrantlaryň we Orsýetiň Demirgazyk Kawkazdan bolan öz raýatlarynyň ýagdaýynda-da meňzeşlik bar.

Bu iki adamyň arasynda meňzeşlik köp.

Olaryň ikisi-de 20 ýaşlarynda. Olar has gowy durmuşyň gözleginde Moskwa gelipdirler. Olaryň ikisi-de iş meselesinde kemsitmelere sezewar edilýärler, polisiýanyň eden-etdilikleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar we ýaşamak üçin jaýyň gözleginde kynçylyk çekýärler. Olar orslaryň arasynda dost tapyp bilmeýärler.

Migrant we Raýat

Emma olaryň arasynda uly tapawut hem bar. 22 ýaşly Mirzo Kurbonow Täjigistandan gelen işçi migrant. Ol Moskwada iki ýyl bäri ýaşaýar.

Öz familiýasyny aýtmak islemedik 25 ýaşly Zubeir bolsa Orsýetiň raýaty. Demirgazyk Kawkaz regionyndan bolan Zubeir Moskwada ýedi ýyl bäri ýaşaýar.

Emma Zubeirde Orsýet pasportynyň bardygyna garamazdan, Moskwada ýaşaýan etnik inguş bolany üçin onuň durmuş tejribesi köplenç immigrantlaryň durmuşyndan tapawutlanmaýar. Ol öz ýurdunda özüni keseki bir adam hökmünde duýýar.

AÝ/AR-nyň bu iki adam bilen gurnan söhbetdeşligi Moskwanyň demirgazyk böleginde Sawýolowskiý demirýol stansiýasynyň golaýynda ýerleşýän özbek kafesinde geçirildi.

Daşary ýurtly Kurbonowyň durmuşynyň has agyrdygy düşnükli bolsa-da, bu iki adamyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary örän meňzeş.

Ýaşamak üçin jaý

Kynçylyklar ýaşamak üçin jaý tapmakdan başlanýar. Şäheriň köp ýaşaýjylary jaýlaryny “slawýan” milletli adamlara ýa-da günbatarlylara kireýne bermek isleýärler. Şeýle ýagdaý köplenç myhmanhanalara hem degişli.

Orsça arassa gürleýän Zubeiriň gürrüň bermegine görä, ol jaýy kireýne almak üçin öý eýesi bilen telefonda gepleşende, olar öňünden ylalaşypdyrlar. Emma Zubeir jaýy görmek üçin baranda, öý eýesi jaýy eýýäm başga birine berendigini aýdypdyr.

Zubeir we Kurbonow netijede öz tanyşlarynyň kömegi bilen jaý tapandyklaryny gürrüň berdiler. Olar jaýy kireýne almak meselesiniň uly problemadygyny we bu adalatsyz ýagdaýyň olary özlerini ikinji sortly adam hökmünde duýmaga mejbur edýändigini aýtdylar.

Zubeiriň sözlerine görä, iş meselesinde hem kynçylyk bar.

Işe ýerleşmek

Birnäçe ýyllap buhgalteriýa, hasap ugrundan bilim alan we bank pudagynda iş tejribesi bolan Zubeir bankyň bölüm ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesine işe ýerleşmek üçin söhbetdeşlige baranda, başda bar zadyň kadaly geçendigini aýdjar. Emma nirede doguldyň diýlip soralanda, ol Ingişystanyň Malgobek diýen ýerinde diýip jogap berende, bank işgärleri “size [soňra] jaň ederis” diýip, söhbetdeşligi gutarypdyrlar.

Mundan soň Zubeir tanyşlyk üsti bilen daşary ýurtly şirkete işe giripdir.

Moskwanyň hemişelik ýaşaýjysy bolmadyk islendik adam bu ýerde ýaşamak üçin, belli bir adres boýunça resmi registrasiýa hasabyna durmaly. Hasaba durmadyklar parahor polisiýa işgärleriniň nyşanyna öwrülýärler. Aýratynam slawýan görnüşli bolmadyk adamlar köçelerde dokument barlaglaryna yzygiderli sezewar edilýärler.

Kurbonow ýaly hakyky migrantlaryň ýagdaýy has-da agyr.

Köp kompaniýalar daşary ýurt raýatlaryny işe almajak bolýarlar. Talap edilýän dokumentleriň köpdügi we salgytlaryň uly bolmagy muňa sebäp bolýar.

Netijede migrantlaryň köpüsi migrasiýa polisiýasynda hasaba durmak, iş rugsadyny almak, medisina ätýaçnamasyny almak üçin dokumentleri özleri toplamaly bolýarlar. Olar diňe mundan soň işiň gözlegine çykýarlar. Kurbonow bu zatlaryň ählisiniň köp pula durýandygyny aýdýar.

Kurbonow zerur kagyzlary toplamagyň, adatça, 23 müň rubl, ýagny 750 dollara barabar pula durýandygyny aýdýar.

Kurbonow häzir ýene-de işiň gözleginde. Ol şu çaka çenli maşyn ýuwujy, kurýer we aşpez bolup işläpdir. Ol islendik kärhanada iş orunlary azaldylanda, migrantlaryň mydama ilkinji bolup işden çykarylýandygyny gürrüň berýär.
XS
SM
MD
LG