Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Wita”: Ejize rehimsiziň hiç kime-de rehimi bolmaz


Zäherlenen pişigiň jesedi, Aşgabat, 2013.
Zäherlenen pişigiň jesedi, Aşgabat, 2013.
Türkmenistanda köçede eýesiz gezip ýören haýwanlaryň zäherlenip öldürilýändigi barada maglumatlar gowuşýar. Beýleki ýurtlarda nähili çäreler görülýär? It-pişikleriň öýsüz galmazlygy üçin nämeler edilýär? Azatlyk Radiosy haýwanlaryň hukuklaryny goraýjy “Wita” atly guramanyň müdiri Irina Nowožilowa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň şäherlerinde eýesiz it-pişikler bilen bagly ýagdaý nähili?

Irina Nowožilowa: Gynansak-da, Orsýet Federasiýasynda ýagdaý gözgyny. Sebäbi tutuş dünýäde bireýýäm işe girizilen netijeli çäreler Orsýetde giňden ulanylmaýar.

Başda problemanyň sebäpleri we eýesiz haýwanlaryň gelip çykyşy barada durup geçeliň. Köçelerde idegsiz gezip ýören itleriň we pişikleriň sany artýar. Sebäbi olar tiz köpelýärler we netijede olaryň sany öýünde it-pişik saklajaklaryň sanyndan has artyk gelýär. Itler we pişikler öýdeçi, ýagny adam üçin dostlukly öý haýwanlary hasaplanýar.

Adatça, olaryň dogmaga ukyby örän ýokary bolýar. Men bu ýerde käbir statistiki sanlary getirmekçi. Haýwanlary goramak boýunça bütindünýä jemgyýetiniň maglumatyna görä, alty ýylyň dowamynda iki sany pişik 420 müň nesil öndürmäge, iki sany it bolsa 67 müň nesil öndürmäge ukyply. Bu her iki haywanyň alty ýylyň dowamynda nesil bermäge potensial ukybyna degişli sanlar. Bu sanlar haýwanlaryň köpelmeginiň döwletiň berk gözegçiligi astynda saklanmalydygyny aňladýar.

Azatlyk Radiosy: Orsýetde köçelerdäki eýesiz itler we pikişler babatynda nähili çäreler görülýär?

Irina Nowožilowa: Eger biz Moskwany we Sankt-Peterburgy alyp görsek, bu ýerde soňky wagtda haýwanlary tutup, olary sterilizasiýa operasiýsyndan geçirmek, ýagny biçmek çäresi we soň olary ýene-de köçä goýbermek boýunça çäreler ornaşdyryldy. Bu adamkärçilikli usul hasaplanýar. Ýagny, döwlet öý haýwanlarynyň köpelmegini doly gözegçilik astyna almadyk ýagdaýynda, alternatiw çykalga hökmünde şeýle çäreleri amala aşyrýar. Emma, meniň pikirimçe, ösen döwletlerde giňden ulanylýan çäreleriň biri, ýagny biçilmedik öý haýwanlaryna salgyt girizmek, iň netijeli usuldyr.

Azatlyk Radiosy: Siziň agzan çäräňiz adamlaryň öýlerinde saklanýan haýwanlara degişli. Köçelerde gezip ýören haýwanlary nädip we kimiň hasabyna sterilizasiýa etmeli?

Irina Nowožilowa: Birinjiden, öýlerde saklanýan haýwanlara sterilizasiýa, biçme operasiýasy edilse, köçä taşlanýan itleriň we pişikleriň sany hem azalýar. Bu ilkinji ädim. Ikinjiden, köçelerdäki itleri we pişikleri hem tutup biçmeli, soňra olar ýörite ýataklarda ýerleşdirilmeli. Ösen ýutlarda adamlaryň şeýle goragly ýataklardan haýwanlary öz öýlerine almagy üçin ýörite sosial programmalar, ündewler geçirilýär, bildirişler edilýär. Bu çäreler döwletiň hasabyna amala aşyrylmaly.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda eýesiz itleriň we pişikleriň wagtal-wagtal öldürilýändigi, köçelerde zäherlenip öldürilýän haýwanlaryň jesetleriniň göze ilýändigi barada maglumatlar gowuşýar. Siziň pikiriňizçe, bu ýagdaý nämäni aňladýar?

Irina Nowožilowa: Bu ahlak taýdan örän aýylganç problemanyň bardygyny görkezýär. Biz haýwanlaryň hukuklaryny goraýjy gurama hökmünde haýwanlaryň hatda tutulmagyna şaýat bolan adamlaryň näçesiniň ýüreginden tutup, ýa-da psihikasyna zeper ýetip, keselhanalara düşýändigini bilýäris. Haýwanlara edilýän zorluklar jemýyete örän uly zarba urýar, şeýle-de ol il içinde rehimsizligi artdyrýar. Şeýle ýagdaýlara ýol berilmegi döwletiň jogapkärlik derejesiniň we jemgyýetiň ahlak derejesiniň pesdigini görkezýär. Eger adam ejize rehim etmese, onuň hiç kime-de rehimi inmez.
XS
SM
MD
LG